
Halkymyz irki döwürlerden bäri sözüň güýjüne ynanypdyrlar. Perzentlerini ýaşlygyndan başlap «guzym, köşegim, balam» diýip oňat sözler bilen terbiýelemäge çalşypdyrlar. Sözüň gudraty gep-sözüni il güne düşündirip bilýän adamlaryň yhlasy bilen has hem belli bolupdyr. Şol sebäpli-de ýazyjy-şahyrlar, suhangöýler, alymlar we mugallymlar elmydama köpüň üýşen ýerlerinde sylagly adamlar hökmünde orta çykypdyr.
Ýerlikli aýdylýan sözler barada hem çeper eserlerden näçe diýseň mysal tapyp bolýar. Rus ýazyjylarynyň biri şeýle diýýär: «Söz gerek ýerinde oklasaň daşkömür bölegi ýalydyr. Düşen ýerini oda berer». Bigerek ýerinde, soralmaýan wagty sözläp oturmagyň hem geregi ýok bolmaly. Bir dananyň aýdyşy ýaly, «Adamlara soraýan zadyny bermeli». Käwagt durmuşda şeýle ýagdaýlar bolýar. Adam bir meseläni çözüp bilmän ýaýdanyp duruberýär. Şeýle pursatda keseden tomaşaçy bolýan başga bir paýhasdaryň beren maslahaty oňa hemaýat edýär. Garyndaşlaryndan öýkeläp toýuna gitmejek bolýan tanyşlarymyzyň biri bilen şeýle waka bolupdy. Ol jaň edip, ýaşulularyň birine dostlarça sala salýar. Şonda paýhasly goja näme diýendir öýdýärsiňiz?! Ony çürt-kesik öýke ýolundan yzyna dolaýar: «Seniň barmajak bolýan toýuň özüňki ahyry. Sen olary däl-de, aňyrsynda eneň-ataňy gör. Olaryň ruhuny şat etjek bolsaň, toýa öňünden baryp otur». Göwne makul bolan bu sözler yrýa edilmeýär. Öýke-kine unudylyp, toý ruhy ynsany bagtyýarlyga besleýär. Ine, bu ýerde jaýdar oklanan sözüň gudraty aýdyň görünýär.
Ýeri gelende ýerliksiz aýdylan hem-de paýyş sözler barada hem nesil terbiýesi bilen bagly bolandygy üçin durup geçesim gelýär. Aslynda-ha halkymyz ýerliksiz gürlenen sözi kän bir hasaba almandyr. Geçirimlilik bilen duşundan geçirip goýberipdir. Bu uzadan zadyňy alman, yzyna iterilişi ýaly wakadyr. Akly bar adam sözüni harlatmaz.
Paýyş sözler hiç bir döwürde hem halanmandyr. Meksikan ýazyjylarynyň biri şeýle diýýär: «Paýyş söz — munuň özi hiç bir mana düşünmeýän haýwanyň ynsanlaryň öňünde bigelişik hereket edişi ýalydyr». Diýmek, özüni sylaýan, ynsan hasaplaýan adam paýyş sözden gaça dursa ýagşy. Uly adamlaryň öýde paýyş söz aýtmaklary ösdürimleriň terbiýesine nädogry täsir edýär. Mana düşmez çaga köpçülik ýerlerinde, çagalar bagynda, mekdepde şeýle sözi ulanyp başlaýar. Sebäbi çaganyň kalbynda elmydama ulularyň endigini gaýtalamak häsiýeti ýaşaýar. Şeýle çaga soňra dost-ýarlary, mugallymlary we terbiýeçileri tarapyndan utandyrylýar. Köp gaýtalanýan şular ýaly pursatlar soňra çaganyň keýpiniň, özüne bolan ynamynyň gaçmagyna, iň soňunda bolsa saglygynyň peselmegine getirip biler.
Şeýlelikde, ýagşy söz — dogry ýol. Ynsanyň öz paýhas-pähiminiň önümi. Hemmäňize ýagşy sözler ýar bolsun!
Aýmelek DÖWRANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



