Siziň üçin...Slider

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn…

26-03-2023 / 26

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen külli musulman dünýäsinde bir aýlap dowam edýän agyz beklemek dessury, diňe bir bedenimizi däl, kalbymyzy, ruhumyzy päkläp, bir-birege bolan mähir–söýgimizi, ynsap-imanymyzy oýarýar, kämilleşdirýär. Bizi beýik Biribara golaýlaşdyrýar. Bu aý Taňrynyň öz eziz gören adamlaryna sahawaty, haýyr-sogaby bagyş etmeginiň alamatydyr. Bu barada akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň:

Ýigrimi dört sagatda, on iki aýda,

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn —

— diýip, Remezan aýyny ähli aýlaryň seresi hasaplapdyr. Oraza tutmaklygyň manysy ruhy päkligiňi gazanmak, nebsiňi jylawlamak diýmekdir. Rowaýata görä, beýik Allatagala nebsinden: «Sen kim? Men kim» diýip sorapdyr. Nebis: «Men-ä men, Senem sen» diýip, jogap beripdir. Şonda külli älemleri ýokdan bar eden Rebbimiz nebsi bir aýlap aç-suwsuz daňyp goýmagy emir edipdir. Jeza tamamlanandan soň, nebsi huzuryna çagyryp ýene-de: «Sen kim? Men kim» diýip sorapdyr. Şondan soň nebis: «Sen-ä meniň eýäm, menem seniň guluň» diýip, jogap beripdir.

Remezan aýy hakykatdan hem arassaçylygyň we päkizeligiň aýydyr. Bu aý ynsan kalbyny päkizelige, ýagşy niýetlilige, päk ýüreklilige, haýyr-sahawata çagyrýar. Bu aýda her bir maşgala bir saçagyň başyna jemlenip, agzaçar edilip, nahar-şor iýilýär.

Özüniň çogly güneşini saçyp, aýlaryň soltany bolan Oraza musulman ymmatynyň ýüregine päkligiň nuruny çaýýar. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýlişi ýaly, Oraza aýynda her bir adam tutuş bir aýlap ýagşy niýetler bilen agzyny bekleýär. Oraza aýy her bir ynsanyň kalbyna päklik eçilip, ýagşy doga-dilegler edilip, agyz beklenilip, tagat edilýär. Agyz beklemek diňe bir iýmek-içmekden saklanmak bolman, eýsem, paýyş sözlerden, gep-gybatlardan daşda saklanmak bilen, dost-doganlygyň ysnyşykly gatnaşyklaryny berkidýär.

Gülşat GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu