
Mikrokompýuterler 1970-nji ýyllarda kompýuter söýüjiler tarapyndan şahsy maksatlary üçin döredilip başlanypdyr. Emma az wagtyň dowamynda mikrokompýuterler hemmeleriň göwnünden turmagy başardy.
1975-nji ýylda IBM kompaniýasy ilkinji kiçi göwrümli IBM 5100 kysmy kompýuteri hödür etdi. Häzirki zaman şahsy kompýuterleriň ilkinji görnüşini bolsa Apple kompaniýasy hödür etdi. Kompýuterleri operasion sistema degişli programmalaryň esasynda işletmeklik ilkinji hatarda Apple, soňra Microsoft kompaniýasy girişýär.
Kompýuter programmalary aslynda kompýuteri işe goýberýän programma üpjünçiligidir. Programma üpjünçiligi iki sany esasy topara bölünýär: sistematiki programma üpjünçiligi we applikasýon programma üpjünçiligi. Sistematiki programma üpjünçiligi kompýuteri işe goýberip, ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Başgaça aýdanymyzda, awtoulagy otlap berýär. Applikasýon programma üpjünçiligi bolsa, kompýuterde etjek bolýan işlerimizi ýerine ýetirmeklik üçin ulanylýar. Ýagny awtoulagy sürmeklige mümkinçilik berýär.
Netijede, applikasýon programma üpjünçiligi gerek bolan işimizi ýerine ýetirip berýär. Meselem, tekst ýazmak, aýdym diňlemek, surat işlemek we ş.m.
Apple we Microsoft dünýäde şahsy kompýuterler üçin ilkinji bolup applikasýon programma üpjünçiliginiň üstünde işlän şahsy kompýuterler adamlaryň arasynda, bazar söwdasynda, we ylymda uly abraýa eýe boldy. Dünýä ýüzüniň ähli künjeklerinde adamlar özlerine şahsy kompýuterleri satyn alyp başladylar. Şunluk bilen hem kompýuter rewolýusiýasy başlady.
Gözel TEKEÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.