
Biziň ýurdumyzda garynjalaryň 107 görnüşi duşýar. Olaryň 52-si daglarda we dag-eteklerinde, 29-sy derýalaryň jülgelerinde, 26-sy bolsa çöllük ýerlerde duş gelýär.
Türkmenistanda ýaşaýan garynjalaryň içinde messor urugynyň wekilleri has oňat öwrenilendir. Bu urugyň wekilleri ýurdumyzyň çöllerinde giň ýaýrandyr. Olaryň ähli görnüşleri ösümlikleriň däneleri, tohumlary bilen iýmitlenýärler. Günorta Türkmenistanda bu urugyň 8 görnüşi duşýar. Messor urugyna degişli görnüşleriň ählisi toprakda hin gazynyp, maşgala bolup ýaşaýar. Olaryň hinleri 2 metre çenli we ondan-da çuň bolup bilýär.
Bu garynjalar däne bilen iýmitlenýändikleri sebäpli howanyň maýyl günlerinde köp mukdarda ösümlik dänelerini çöpleýärler. Olary iýýärler hem-de gyşa ätiýaçlyk iýmit hökmünde toplaýarlar. Mysal üçin, messor aralocaspius garynjalary maý aýynda bir günde ösümlik däneleriniň 81,4 müňüsini çöplemäge ukyplydyr. Messor denticulatus garynjalary bolsa bir ýylyň dowamynda 1 — 1,5 kilograma çenli ösümlik (bugdaý, arpa we beýleki ösümlikler) dänesini ýygnap bilýärler. Bu jandarlaryň bir maşgalasynda ortaça 16,5 müňden 17,5 müňe çenli garynja bolýar.
Göwresi kiçi bolsa-da, agzybirligiň, ýadawsyz zähmet çekmegiň nusgasy hasaplanylýan garynjalar türkmen tebigatynyň bezegidir. Olary goramak bolsa biziň borjumyzdyr.
Garynjalar hakda gyzykly maglumatlar:
Ýer ýüzünde garynjalaryň 14 müň töweregi görnüşi bolup, olar Antraktidadan, Grenlandiýadan, Islandiýadan başga dünýäniň ähli ýerlerinde ýaşaýarlar.
Garynjalaryň Ýer ýüzünde sanynyň adamlaryňkydan 14 müň esse köpdügi çaklanylýar.
Garynjalaryň käbir görnüşleri öz agramyndan 50 esse agyr ýüki göterip bilýär.
Adatça, garynjalar gijesine köpräk işleýärler, gündizine dynç alýarlar.
Garynjalar gyş ukusyna hem gidýärler. Käbirleri bolsa gyşy ozal ýygnap goýan iýmitlerini iýip geçirýärler.
Dessan ARTYKOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



