Siziň üçin...Slider

Sazyň dili

25-03-2023 / 14

Sazyň täsin gudraty barada köp aýdylýar. Ylym sazyň eşidişiň peselmeginiň öňüni alýandygyny, ýürek kesellerini bejermekde, dikeldiş döwründe örän gowy täsir edýändigini, ýatkeşligi, akyl işjeňligini gowulaýandygyny tassyklaýar. Hut şonuň üçinem lukmanlar, psihologlar aýdym-sazyň hemişe hemramyzyň bolmagyny sport bilen meşgullanmagyň hatarynda goýýarlar.

Haýsydyr bir aýdym-saz mekdebinde bilim almasak, saz gurallaryny çalmagyň düzgünlerini bilmesek hem, biziň hemmämiz sazyň esasy ýedi notasyny dogry tertipde sanap bilýäris (Do, Re, Mi, Fa, Sol, Lýa, Si). Bu bize çagalygymyzdan mälim. Soňky üç ýüz ýylyň dowamynda sazy täze dil hökmünde ulanmak synanyşyklarynyň ençemesi amala aşyrylypdyr. Olaryň ählisi şowsuzlyk sebäpli ýatdan çykarylypdyr. Hat-da, olaryň arasynda özüniň täsinligi bilen tapawutlanýan «Sol-re-sol» atly saz dili hem bar.

Saz dilini fransiýaly Žan Fransua Sýudr döredipdir.Onuň şägirtleri kyrk ýylyň dowamynda bu diliň grammatikasyny, teoriýasyny işläp dü­züpdirler. 1868-nji ýylda Pariž­de bu dilde dürli eserler peýda bolup ugraýar. Täze diliň kökleri bolup ýedi sany esasy saz notasy hyzmat edipdir. Käbir täze sözlerem şolaryň kömegi bilen düzülipdir. Mysal üçin, «si» notasy «hawa» diýmegi, «do» notasy — «ýok», «re» — «we», «mi»— «ýa-da», «do-re» — «men», «do-fa» — «ol», «re-do» «meniňki» diýmegi aň­ladypdyr. Galan sözlerem şular ýaly nota düzümleriniň kömegi bilen aňladylypdyr. Ýöne bu dil häzirki zamanyň iň kyn dilindenem çylşyrymly bolansoň, ol gaty tiz ýatdan çykarylypdyr.

Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu