
Katar döwletinde ýakyn wagtda ýüzýän myhmanhana gurlar.
Kenar ýakasyndan uzak bolmadyk ýerde guruljak bina ýele, daşgynlara durnuklylygy bilen tapawutlanyp, onda Gün energiýasy peýdalanylar. 35 müň inedördül metr meýdany bolan myhmanhanada 152 myhman otagy ýerleşer. Olarda ähli amatlyklar: açyk eýwan, açyk we ýapyk howuzlar, hammamlar, spa-merkezler, trenažýor zallary, golf meýdançasy göz öňünde tutulýar. Myhmanhananyň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürener.
Üçegi uly okara görnüşinde bolup, onda ýagyş suwlary toplanar hem-de baglary suwarmak we beýleki maksatlar üçin peýdalanylar. Gury ýer bilen myhmanhanany awtomobil ýoly birikdirer. Bu ýere gämili ýa-da dikuçarly gelmek üçin hem birnäçe şertler dörediler.
Bu ýerde dynç aljaklar daş-töweregiň gözelliklerini duran ýerlerinde synlap bilerler. Täze myhmanhana 24 sagadyň dowamynda doly bir aýlaw eder.
Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.



