
Baharda ýaz ýagşynyň ýagmagy adamlara ruhy lezzet paýlaýan bolsa, şol ýagyndan soň älemgoşaryň çykmagy hem hemmelerde ýakymly duýgulary oýarýar.
Siz älemgoşaryň 7 sany reňkden ybaratdygyny bilýänsiňiz. Älemgoşardaky reňkleriň nämäni aňladýandygy sizi juda gyzyklandyrýan bolsa gerek?! Aslynda, bu ýerde gürrüň älemgoşar hakynda däl-de, reňk hakynda barýar. Geliň, bu barada gürrüň edeliň!
Adatça, älemgoşarda gyzyl reňk iň ýokarda ilkinji orunda durýar. Gyzyl gadymy reňkleriň biridir. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji reňkli suratlarda gyzyl reňk agdyklyk edipdir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, gyzyl çaganyň dünýä ineninden soň ilkinji görýän reňkidir. Bu reňk ýiti bolansoň, gözümiz ony beýleki reňklerden çalt saýgarýar. Gyzyl erkliligiň, özdiýenliligiň reňki hasaplanýar. Bu reňki halaýanlar wadasynda durýan, elmydama şol bir durkuny saklaýan adamlardyr.
Mämişi gyzyl bilen sary reňkleriň garyşmagynda emele gelýär. Bu reňk sagdynlygy we şadyýanlygy alamatlandyrýar. Mämişi reňkini halaýanlar dostlukly, zähmetsöýer, elmydama hereketde gezýän adamlardyr.
Sary özüneçekijiligiň, maksadaokgunlylygyň reňkidir. Mundan başga-da, ol işdäňi açýan reňkdir. Üns berýän bolsaňyz, garbanyşhanalaryň aglabasynyň içki bezegleri sary reňke boýalandyr. Sary we mämişi reňklerdäki gaplarda goýlan naz-nygmatlar özüneçekiji bolýar. Bu reňki halaýan ynsanlar durmuşa höwesli bolup, kyn ýagdaýda özlerini ele alyp bilýärler.
Ýaşyl janlanmagyň, ösüşiň reňki hasaplanylýar. Käbir ýurtlarda ýaşyla howpsuzlygyň we rahatlygyň reňki diýlip hem aýdylýar. Ýolyşygynda ýaşyl yşygyň sürüjilere ulagy herekete getirmek üçin howpsuz wagtyň gelendigini habar berýändigi hem muňa aýdyň subutnamadyr. Ýaşyl reňki halaýan adamlar jogapkärçilikli, guramaçy bolýarlar. Olar mydama täze bir zadyň gözleginde bolup, öz hünärini kämilleşdirmegi başarýarlar.
Mawy päkizeligi, mylaýymlygy we bakylygy alamatlandyrýar. Bu reňki halaýan adamlar ýuwaş häsiýetli bolup, ümsüm pikirlenmegi halaýarlar. Olar syr saklap bilýärler. Mawy reňki halaýanlaryň içki dünýäsi baý bolýar.
Gök rahatlygyň reňkidir. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, gök reňk nerw ulgamynyň işini sazlap, adamy rahatlandyrýar, döredijilige iterýär. Bu reňki halaýanlar özüne ynamly adamlardyr.
Melewşe baýlygyň, bolelinligiň reňkidir. Käbir maglumatlarda melewşe reňkiniň ylhamyň reňkidigi aýdylýar. Şol sebäpli döredijilik işi bilen meşgullanýan adamlar bu reňki halaýarlar.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.



