
Mekdepler çagalaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Mekdeplerde çagalaryň bilim almagy hem-de özlerini erkin alyp barmaklary ilkinji zerurlyk hasaplanylyar. Dünýädäki adaty däl mekdepleri käwagtlar çagalaryň öz hususy öylerinden tapawutlandyrmak kyn. Dünýäde täsinden-täsin bilim ojaklary bar. Özboluşly binagärlik keşp bilen haýran galdyrýan mekdepler köpleriň ünsüni özüne çekýär.
«Ýaşyl mekdep», Pariž
Dünýäde iň «ýaşyl» mekdep Parižiň eteginde 2014-nji ýylda gurlupdyr. Bu täsin taslama «Chartier Dalix» diýen fransuz binagärlik ussahanasynda häzirki zaman Fransiýanyň tebigy görnüşinde özboluşlylyk döretmek maksady bilen işlenilip düzülipdir. Mekdebiň binasy ýaşyl üçekler bilen bezelipdir. Taslamanyň esasy aýratynlygy demir betondan ýygnalan bloklardan düzülen dürli ölçegli diwarlar bolup durýar. Bloklardan düzülen ägirt kompozisiýa şeýle görnüşde düzülen. Ýagny ýakyn geljekde onuň jaýryklarynda otjagazlar öser ýa-da kiçijik guşlar höwürtge gurnar.

Bu mekdepde başlangyç synp okuwçylary üçin 18 sany synp otagy bar. Şolaryň 7-si çagalar bagy üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu taslamada ýaş aýratynlyklaryna laýyklykdaky sport desgalary göz öňünde tutulandyr. Taslamanyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata bolan söýgini oýarmakdan we olary ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Dagenhem, London
Londonyň etegindäki Dagenhem diýen kiçijik şäherde 2012-nji ýylda gurlan mekdebi onuň «özboluşly içki dünýäsi bar» diýip bir jümlede atlandyryp bolýar. Sebäbi binagärler mekdebi guranlarynda, binanyň keşbini agraltman, oňa derek mekdebiň içki we daşky giňişligine ähmiýet beripdirler. Bu çözgüt, hakykatdan-da ýerine düşüpdir.

Bu mekdepde okuwçylaryň özlerini rahat duýmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Köp sanly penjireler binanyň içine tebigy ýagtylygyň bolluk bilen düşmegini üpjün edýär. Şeýle hem içerki giňişligi köp sanly çyralar ýagtylandyrýar. Basgançaklardaky, diwarlardaky dürli reňkler çagalaryň bütin günüň dowamynda keýpiçag bolmaklaryny kömek edýär.
«Älemgoşar mekdep», Singapur

2016-njy ýylda Singapurda gurlan bu «Älemgoşar mekdep» çagalaryň ünsüni özüne çekýär, sebäbi mekdebiň ähli binagärlik keşbi älemgoşaryň açyk reňkleri bilen beslenendir. Okuwçylar bu mekdepde diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, uzak gün galmagy hem kyn görmeýärler. Binanyň ähli gurluşyk desgalary adaty reňkler bilen reňklenendir. Açyk hem täsin reňkler mekdebiň howlusyny has hem giň görkezýär. Bu täsin reňkler diňe bir okuwçylaryň däl, eýsem ene-atalaryň hem ünsüni özüne çekýär.
Ýazgül MEREDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



