
Multfilm — bu çaganyň aňyna we ýüregine barýan ynamly hem-de gysga ýollaryň biri hasaplanýar. Çaga multfilme tomaşa etmek bilen, söýgüli multfilm gahrymanlarynyň aýdan täsirli sözlerini hem pugta ýadynda saklaýar. Şol jaýdar jümleler oňa durmuşda esasy ýol-ýörelgeleriň biri bolup hyzmat edýär. Biz hem gahrymanlarynyň dilinden alnan parasatly jümleleriň birnäçesini paýlaşýarys.
— Tebigatyň garşysyna gidip bilmersiň!
— Durmuşy mundanam gowy etsek bolar. Üýtgeşme girizmegi ilki özümizden başlamaly. Senem, menem, bizem — hemmämizem…
(«Zootopia»).
— Men asudalygyň tarapdary!
— Söýgi diňe kör däl, ker hem bolýan eken.
— Heý-de, ganaty bar guşuň uzak ýola pyýada ýöreýänini akylyňy sygdyryp gördüňmi? Uçmak seniň ganyňda bar. Ganatsyzlaryň başarýan işini näme üçin biz başarmaly däl?!
(«Rio»).
— Hiç bir ýol bizi öz ykbalymyzdan uzaklaşdyryp bilmez!
(«Kung-fu Panda»).
— Amatsyz howada gülleýän gül iň seýrek gymmatlykdyr.
(«Mulan»).
— Käwagt dogry ýol hem aňsat däl.
(«Pokahontas»).
— Ýadyňyzdan çykarmaň, siziň her biriňiz bu dünýäni nurdan dolduryp biljek adamsyňyz!
(«Garpamyk we ýedi girdenek»).
— Hiç haçan ýalňyşmaryn diýmäň!
(«Buzluk döwri»).
Taýýarlan: Arslan ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



