Habarlar

Ukraina ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

24-03-2023 / 11

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sebitde, şeýle-de halkara derejede durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen dünýäniň köp döwletleriniň arasynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça asylly däbe öwrülen hyzmatdaşlyk döwrebap ösdürilýär.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ysnyşykly gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna döwlet tarapyndan goldawa mätäç näsag çagalaryň köpüsiniň saglygynyň dikeldilendigini hem buýsançly bellemek gerek.

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu