
Fransuz dili BMG-niň we ÝUNESKO-nyň resmi dilleriniň biri bolup, ol halkara guramalarynyň birnäçesiniň hem resmi-iş dili hasaplanylýar. Daşary ýurt dili hökmünde iň köp öwrenilýän dilleriň biri-de fransuz dilidir. «Frankofoniýa» halkara guramasynyň bellemegine görä, häzirki wagtda fransuz dilinde gürläp bilýän adamlaryň sany 280 million töweregidir. Özüniň köküni gadymy latyn dilinden alyp gaýdýan bu dil, esasan, VI-VIII asyrlar aralygynda kämilleşip, häzirki zaman fransuz dili derejesine çenli gelip ýetipdir.
Köne fransuz dilinde saklanyp galan iň irki ýazgylar – bu Strasburg kasamlary (842 ý.) hem-de Keramatly Ýewlali baradaky sekwensiýadyr (IX asyryň ahyry). Orta fransuz dili gadymy latyn diline özüniň güýçli täsirini ýetiripdir.
1066-njy ýylda Angliýanyň normanlar tarapyndan eýelenmegi bilen ýurtda fransuz dili barly toparlaryň dili hökmünde üç asyrlap ulanylypdyr.
XII-XIII asyrlarda fransuz dili Germaniýanyň, Flandriýanyň, Niderlandlaryň köşk adamlarynyň arasynda hem giňden ýaýrapdyr. XIII asyryň ahyrlarynda käbir italýan ýazyjylary öz eserlerini fransuz dilinde döredipdirler. Belli syýahatçy Marko Polo öz syýahatlary baradaky meşhur eserini bu dilde ýazypdyrlar.
1539-njy ýylda Ordonans Wille-Kotre fransuz dilini Fransiýanyň ýeke-täk döwlet dili hökmünde berkidip, ýerli guramalara resminamalarynyň ählisini bu dilde alyp barmagy buýrupdyr. Fransuz diliniň taryhy boýunça esasy bellemeli zat, 1635-nji ýylda kardinal Rişelýe tarapyndan Fransuz akademiýasynyň döredilmegidir. Biraz wagtdan, ýagny XVII asyryň ortalaryndan fransuz dili halkara dil hökmünde ulanylyp başlanypdyr, ýöne onuň has meşhur bolan wagty XVIII asyrdyr, ýagny halkara aragatnaşykda, ylymda, medeniýetde, edebiýatda latyn diline derek fransuz diliniň ulanylyp başlanmagy bilendir. Ol Beýik Britaniýa, Germaniýa, Awstriýa, Niderlandlar, Italiýa, Skandinaw ýurtlary, Russiýa, Polşa we Wengriýa döwletlerinde barly toparlaryň arasynda hem-de ylymda ulanylypdyr. Fransuz bolmadyk, ýagny Leýbnis, Galiani, Fridrih II, Ýekaterina II, Kazanowa dagylar öz eserlerini fransuz dilinde ýazypdyrlar. I Jahan urşuna çenli fransuz dili halkara dil hökmünde resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk dil bolupdyr.
Enejan MAMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



