SliderŽurnalistiň sahypasy

Dünýä metbugatynda çagalar üçin neşirler

24-03-2023 / 62

Dünýäde  çagalar üçin niýetlenen birnäçe neşirler bar. Mysal üçin, Polşada “Plomek” we “Plomeçek” (“Uçgun” we “Uçgunjyk”), Bolgariýada “Drugarçe” (“Dost jan”), Wengriýada “Paýtap” (“Dost”), Ukrainada “Ganat” atly çagalar žurnallary diýseň meşhurdyr.

Başkir dilinde neşir edilýän  “Akbuzat” žurnaly mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin niýetlenip,  ol beýleki neşirlerden özüniň millilik ýokundysynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Žurnalda hökman bilinmeli, emma, çagalaryň düşünmesi kyn bolan maglumatlary sada dilde, ýönekeý sözlemleriň üsti bilen, şeýle hem, ýörite ertekiler, hekaýalar görnüşinde berilýär.

“Murzilka” – atly çagalar žurnaly Russiýada 1924-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Žurnal  6-12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenip, onda  ertekiler, erteki äheňindäki powestler, hekaýalar, pýesalar, goşgular çap edilýär. Žurnalda Murzilka atly itjagaz öz eýesi Petýa atly oglanjyk bilen syýahat edýär.

Dünýä metbugatynda özüniň hemişelik ýumoristik gahrymanlary bolan,  şol gahrymanlar bilen bagly gülküli suratlary tutuş bir toplum görnüşinde çap etmek işi giňden ýaýrandyr. Çagalar neşirleriniň arasynda žurnallara aýratyn orun degişlidir. Geliň, çagalar žurnallarynyň taryhyna degişli käbir maglumatlary öwreneliň!  

Çagalar üçin žurnallar XVIII asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykyp başlapdyr. Dünýäde iň ilkinji çagalar žurnaly “Lepsigsk” — “Hepdelik kagyzjygy” diýlip atlandyrylýar. Bu žurnal 1772 — 1774-nji ýyllarda Germaniýada neşir edilipdir.

Russiýada neşir edilen ilkinji çagalar žurnaly “Ýürek we aň üçin çagalar okuwy” diýlip atlandyrylypdyr. Ol 1785 — 1789-njy ýyllar aralygynda neşir edilipdir. Žurnal hepdelik bolup, döwründe uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onda diňe bir rus edebiýaty däl-de, günbatar Ýewropa edebiýatyndan nusgalar hem neşir edilipdir. Dürli ýyllarda rus dilinde çagalar žurnallarynyň birnäçesi neşir edilipdir. Mysal üçin, XIX asyrda “Terbiýe üçin täze kitaphana”, “Gar güli”, “Çeşme”, “Säher”, “Çagalar okuwy” ýaly žurnallar ýörite körpeler üçin niýetlenipdir. Şeýle-de,  1956-njy ýylda  neşir edilen “Şadyýan suratlar”,  1928 — 1935-nji ýyllarda 9-13 ýaşly çagalar üçin niýetlenen “Ýež”,  1930 — 1941-nji ýyllarda has kiçi ýaşdaky çagalar üçin neşir edilen “Çiž” žurnallarynda hem diýseň gyzykly maglumatlar, dünýä edebiýatyna degişli çeper eserler neşir edilipdir.

Gültäç AGAMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu