
Adamzat sözüň güýjüni keramatly hasaplaýar. Çünki ýekeje agyz söz bilen adamy aglatmak, güldürmek, tolgundyrmak, duýgulandyrmak mümkin. Ynsan öz içki pikirini söz arkaly beýan edýär. Hut şonuň üçinem söhbetdeşlikde sözleýiş medeniýetine eýermek zerur.
Sözleýiş medeniýeti bu gürlemek we sözlemek endigi bolup, ol her bir sözüň manysyna dogry düşünmekligi, ony ýerlikli ulanmaklygy talap edýär. Paýhasly pederlerimiz dogry we dürs geplemegi, az sözde köp zady düşündirip bilmegi elmydama sargyt edipdirler. Çünki ynsanyň sözleýşi onuň içki dünýäsini, terbiýesini, medeniýetini, göreldesini açyp görkezýär. Bular dogrusynda halk arasynda birnäçe parasatly nakyllardyr aýtgylar hem dilden dile geçip gelýär:
Dil — bela, diş — gala.
Ýagşy söz ýylany hininden çykarar.
Köp diňle, az sözle.
Adam dilinden tapar.
Agyz bir, gulak iki, bir geple, iki diňle.
Agyzdan çykan söz atylan ok.
Agzy gulply sandygy diş açmasa, dil açar.
Başa bela iki barmak dilden geler.
Biseresap gepleseň, dildir başyň belasy.
Bir agyzdan çykan söz müň agyza ýaýylar.
Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy.
Dil hem gala, hem bela.
Dyman agyz — akylly kelle saýylar.
Gep ýel bolsa-da ýürek çişirer.
Şirin dil ýüregi ýumşadar.
Hoşamaý söz süňk döwer.
Akgül HAMRAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň türkmen dili mugallymy.



