
Şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 25-sini Russiýa Federasiýasynyň degişli ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap, Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin teatr, sirk sungaty hem-de döredijiligiň beýleki ugurlaryndan zehin-başarnygy bolan, rus dilini kämil bilýän, ýaşy 25-den geçmedik, saýlanyp alnan hünär ugrundan ukybyny görkezip biljek türkmen ýaşlaryny seçip almak işlerine girişildi.
«TürkmenGazet».



