SliderŽurnalistiň sahypasy

24-nji mart – Bütindünýä inçekesel güni

24-03-2023 / 25

Her ýylyň 24-nji martynda inçekeseliň saglyga we jemgyýete ýetirýän zyýany hem-de inçekeseliň ykdysady täsiri barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýän «Bütindünýä inçekesel güni» bellenilýär. Inçekesel (latynça «tuberculum» — tümmejik) – iň gadymy we giňden ýaýran keselleriň biridir. Onuň şeýledigine, Müsürde tapylan adam süňklerindäki inçekesele mahsus alamatlar hem güwä geçýär.

1882-nji ýylda nemes alymy Koh inçekesele sebäp bolýan bakteriýany tapyp inçekeseli dörediji taýajygy açyar. Soňundan oňa Kohyň taýajyklary diýen at berilyär. Öýken inçekeseli hem şol taýajyklar arkaly döräp, ol inçekesel tümmejikleriň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Inçekesel süňklere, bogunlara, böwreklere, limfa düwünçeklerine, jyns agzalaryna zyýan ýetirip bilýär. Inçekesel taýajygy daşky gurşawda gaty durnukly bolup, ol esasan çyg we garaňky jaýlary gowy görýär. Gün şöhleleri, ýokary temperatura we dezinfeksiýa erginleri ony birnäçe minutdan öldürýär. Inçekesel taýajygy göteriji näsag adam ony töweregindäkilere ýokuşdyryp bilýär. Adamdan adama geçme howa- damja ýoly bilen, näsagyň zatlary arkaly bolup biler.

Maglumatlara görä, inçekesel dünýäde iň ganly ýokanç keselleriň biri bolup, her gün bu öňüni alyp bolýan we bejerip bolýan keselden 4000-den gowrak adam dünýeden ötýär we 30 müň töweregi adam bu kesel bilen keselleýär. Inçekesele garşy göreşmek boýunça global tagallanyň netijesinde 2000-nji ýyldan bäri 58 million adam halas edildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy «Bütindünýä inçekesel gününiň» çäginde inçekeselden ejir çeken hökümetleri, jemgyýetleri, raýat jemgyýeti guramalaryny, saglygy goraýyş edaralaryny we milli, halkara hyzmatdaşlary «Inçekeseli açyň, hemmesini bejeriň, ýok ediň» şygary bilen birleşmäge çagyrýar.

Inçekeseliň öňüni almakda, keseli irki döwründe anyklamakda ýörite çäreler toplumy geçirmek hökmandyr:

Dem alyş ýollarynyň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermek;

Inçekesel keselhanalarynda näsaglary hasaba alyp, bejeriş işlerini geçirmek, gözegçilikde saklamak;

Inçekeselli näsaglara hususy gigiýenanyň kada-düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygyny nygtamak, keseliň aktiw fazasynda näsagy üzňelikde saklamak (izolirlemek);

Köpçülikleýin barlag çärelerini geçirmek – ýylda bir gezek geçirilýän flurografiýa barlagy inçekeseli irki döwründe anyklamaga kömek edýär;

Öňüni alyş waksinasiýany meýilnama boýunça geçirmek.

Orazmyrat ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu