NYŞAN
Söýgümizi göz etmedik hiç kime,
Tersine, göz boldy “hiç kim”-iň özi.
On sekiz ýaş söýmek üçin giç kime,
Dörände gursakda söýgüniň közi.
Ol ýerde etsemler düwerdik nije,
Arzuwlar halasdy gözeneklerden.
Bolanym üçinmi, düwürtiklije,
Ýok däldi gorkymam, göz, eňeklerden.
A sen weli başgaçadyň düýbünden,
Gorkmazdyň damjadan uly sil bolup.
Nyşan bu gelnalyjyň düýt-düýdünden,
Toýmuza gelerler ulus-il bolup.
***
GÖZLEG
Senem gözläweri, söýeniňden soň,
Özgeler gözüme yssy bolarmy.
Sen maňa asman dek söýeneňden soň,
Zemin dek götärin gussalaryňy.
Golumda däl, gursagymda hazyna,
Uşaklaman, barym saňa bagyşdyr.
Seni gözläp ganat ýaýdym azyma,
Ötmäýin deňiňden, özüň tanyşdyr.
…Daglar aşyp, sökdüm depe-düzleri,
Uçdum, ýüzdüm, ýol-ýoda kän ýörelen…
Asyl, söýgiň kör bolarmyş gözleri,
Kör elinde mynjyranan büre men.
***
ADAMAM BIR HEÝ SÖÝGÜDEN ÝANARMY…
Söýgi näme, söýmek, söýüşmek näme,
Indiden soň düşme pikir jeňňelne.
Eger-de men seni söýmedik bolsam,
Söýgüniň ýoklugna ikirjiňlenme.
Ölmerin, ugruňda ölmedik bolsam,
Ýaşaryn yşgymyň simwoly bolup.
Bil, eger, kalbyňdan gitmeli bolsam,
Synmaly bolup:
Men söýgüden ýanandyryn öýtmegin,
Ýakdym. Ýanan söýgi, günäm öt meniň.
***
ISLEMEDIŇ
Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Gysganmadym, bolanjamdan eçildim.
Eçildim. Bir ädim yza tesmedim,
Çeýnänmi däl, berdim ýuwdanma çenlem.
Sen menden şeýle bir kän zat islediň:
– Iýmek-içmek, geýinmek, köşk-ymarat…
Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Emma, söýgi ýekelikden ybarat.
Bersem-de, men saňa dünýäň közüni,
Özüm üçin… alyp galdym özümi.
Süleýman HAÝDAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.