
Meteorologiýa – atmosferada bolup geçýän hadysalary we howa ýagdaýlaryny öwrenýän hem-de olaryň sebäplerini düşündirýän ylymdyr, ýagny atmosferanyň fizikasydyr.
Biziň ýurdumyzda 1926-njy ýylda meteorologiýa gullugy döredilýär. Ol halk hojalygynyň ösüşine hem-de meteorologiýa maglumatlarynyň talabalaýyklygyny meýilnamalaşdyrýar. 1993-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda ýurdumyz Bütindünýa meteorologik guramasynyň agzasy bolýar.
Türkmenistanda XX asyryň başynda bary-ýogy 20 sany meteorologik beketlerinde gözegçilik geçirilipdir. Şol döwrüň meteorologik beketleriniň köpüsi Russiýanyň A.I.Woýeýkow adyndaky Baş geofizika obserwatoriýasy we Rus geografik guramasy tarapyndan gurlupdyr.
2006-njy ýylda bolsa, ýurdumyzyň çäginde 42 sany meteobeketler hereket edip, olaryň içinde ilkinji gurlan meteorologik bekedi hem Türkmenbaşy şäherindäki meteorologik bekedidir.
Aşgabatda ilkinji meteorologik stansiýa 1892-nji ýylyň maý aýynda, Köşi obasynda bolsa 1910-njy ýylda gurulýar. Şol ýyllardan soň Aşgabatda yzygiderli howa gözegçiligi başlanýar.
1926-njy ýylda Türkmenistanyň subtropik etraplarynda üç sany meteorologiýa beketleri gurulýar.
1928-nji ýylda Daşoguz sebitini öwrenmek işleri başlanýar, Daşoguzda gurlan ilkinji meteobeket ýurdumyzyň Aşgabat ─ Daşoguz uçar ýoluny howa maglumatlary bilen üpjin edip başlaýar.
1928-nji ýylda Garagum çölünde döräp gelýän himiýa senagatyny howa maglumatlary bilen üpjin etmek maksady bilen Zäkli bekedi gurulýar. Edil şol ýylda Ýerbent we Darganata meteobeketleri açylýar.
Umuman, XX asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistanda 18 sany meteorologiýa beketleri gurulýar.
XX asyryň 40-njy ýyllarynda alty sany meteobeket: 1940-njy ýylda Amyderýanyň orta akymynda Burdalyk, 1942-nji ýylda Garagumda Çeşme diýen guýynyň ýanynda, 1944-nji ýylda Murgap sebitiniň demirgazyk günbatar çetinde Çaşkent, edil şol ýylda ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşen Köneürgençde we merkezi Bathyzda Akarçeşmede açylýar.
Ýurdumyzda meteorologiýa we klimatologiýa ylmyna esasan hem K.Weýisow, G.Gurbandurdyýew, A.Durdyýew, A.Durdykow, N.Nurberdiýew, Ý.K.Balakirow, G.Hamraýew we beýlekiler öz mynasyp goşandyny goşup, ýaşlara we geljekki meteorolog hünärmenlere birnäçe ylmy kitaplary hem ýazypdyrlar.
Türkmenistanyň ilkinji Meteorologiýa býurosy 1926-njy ýylyň 14-nji iýulynda döredildi we şu ýyl öz 97 ýyllygyny belleýär.
Taýýarlan: Oraz NURLYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.



