Çagalar duýgularyny we pikirleniş usullaryny, şeýle-de, ulular bilen baglanyşykly meselelerini surat çekmek arkaly görkezýärler. Çaga dilden aragatnaşyk guran bolsa-da, setirler bilen aýtmak islemeýän zadyny aýdýandyr.
Türkiýeli Prof. Dr. Haluk Ýawuzer, Çamlija mekdebe çenli bilim simpoziumynda çagalaryň çeken suratlarynda çuňňur manylaryň bardygyny habar berdi.
Özüne ynamy pes bolan çagalar kiçi şekiljikleri çekýär. Ujypsyzja şekil bize şol çaganyň özüne bolan ynamy barada maglumat berip biler. Mysal üçin, adam şekili ullakan kagyzda kiçijik bir ýeri eýeleýär. Ýawuzer şeýle suraty çekýän çagalaryň özüne bolan ynamynyň gowşakdygyny aýdýar.
Eger-de, çagalar gök binalary ýa-da agaçlary çekýän bolsa… Maşgala agzalary bilen surat çekende, çaga özi bilen maşgala agzalarynyň arasynda gök bina ýa-da agaç çyzyp biler.
Kakasynyň eli kesilen suratyň manysy. Haluk Ýawuzer şeýle hem çagalaryň suratlaryndaky çuňňur manylary duş gelen wakalardan birini durmuşy mysaly arkaly düşündirýär: «Kiprdäki dokuz ýaşly oglanjyga maşgala suratyny çekmegini haýyş edenimde, ol kakasynyň elini ýaralanan görnüşde çekdi. Sebäbi kakasy şol eli bilen öz çagalaryny urýardy».
Asmany gülgüne reňkde reňklesinler. Çagalaryň çeken suratlarynyň ösüş tapgyrlaryna seredenimizde, 2 ýaşdan 4 ýaş aralygyndaky bölünişik döwrüni, 4-7 ýaş aralygyndaky shemadan öňki döwri we ondan soňky shematiki döwri görýäris. Bu döwürler tebigylygy görkezýär. Haluk Ýawuzer mugallymlara we ene-atalara şeýle maslahat berýär: «Çagalara bu suratlaryň hakykaty görkezmeýändigini aýtmaň. Olary hakykatdan daşlaşdyrmaň. Goý, olar erkinligini ýaşasyn. Asmany gülgüne reňke boýasyn. Çagalar bu ýaşda lezzet alsyn. Tebigy duýgysyny görkezsin».
Çagalaryň çyzgylarynda ilkinjilik bilen psihososial we akyl taýdan, ösüş taýdan ýaş derejesinden pes bolmagy arasynda bir meňzeşlik bar. Şeýle çaga bar bolan giňişlikde diňe bir organa sygdyryp biler. «Bir surata seredenimizde, Ýer we asman çyzyklary, kompozisiýasy barmy? Sanlar barmy, olar dogry ýerleşdirilenmi, reňk barmy, şolary barlamaly» diýip, Ýawuzer belleýär.
Synag wagtyna garaşmaň! Işinde indiki derejä geçip bilmeýän çaganyň, ýaş derejesinde psihiki-sosial kämillik derejesine eýe bolmajakdygyny we deň-duşlary tarapyndan ýerine ýetirilen käbir çärelere ýetip bilmejekdigini mälim eden Prof. Dr. Haluk Ýawuzer şeýle diýýär: «Akyl derejesi pes çaganyň suraty öňdengörüjiligiň we meýilnamanyň ýoklugyny görkezýär. Şonuň üçin akyl taýdan kemli çagalar we otistik çagalar bu meselede gaty şowsuz. Irki ösüş döwründe oýnamak mümkin däl. Şonuň üçin häzirki wagtda ene-atalara: Synag wagtyna garaşmaň diýýärin! Bu döwri geçmek we geljekde birzatlary gazanmak üçin irki ädim diýseň peýdaly».
Şazada MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.