
Daşdeşenler – tebigatda duş gelýän guşlaryň uly toplumyny emele getirýän guşlar maşgalasydyr. Olaryň 230-dan gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Uçmaga ol diýen ökde bolmadyk bu guşlaryň aglaba bölegi tokaýlarda ýaşaýar. Olar adaty bolmadyk uzyn çüňkleri bilen beýleki guşlardan düýpli tapawutlanýar.
Adamlaryň köpüsi daşdeşeniň tyrkyldysyny eşidip, ol baglary haraplaýandyr öýdüp pikir edýär. Ýöne, beýle däldir. Maglumatlara görä, daşdeşenler şeýtmek bilen bagyň ömrüni uzaldýar.
Daşdeşenler bagda ýaşaýar we baglarda-da iýmitlenýär. Daşdeşen mör-möjekleri onuň ysy arkaly tapýar. Sebäbi bu zyýanly mör-möjekler daşyndan göze görünmeýär. Daşdeşen mör-möjekleriň bar ýerinde deşijek ýasap, olary tutup iýýär. Köplenç halatda şol mör-möjekler baglar üçin zyýanlydyr.
Eýsem, daşdeşen bagyň arasyndaky mör-möjeklere nädip ýetip bilýär? Munuň esasy sebäbi daşdeşeniň isgenäni ýatladyp duran örän ýiti we güýçli çüňküniň barlygydyr. Daşdeşenleriň käbir görnüşleriniň çüňki olaryň tutuş kellesinden iki esse uzyndyr. Onuň dili daşyna çykanda togalakdyr, ujy berkdir. Daşdeşeniň dili çüňküniň içinde towlanyp durandyr. Haçan-da ol bagdan mör-möjegi tutjak bolanda dilini köwegiň düýbüne çenli sokup bilýär.
Daşdeşen diňe bir ösüp oturan bagy deşenok. Ol gurap giden baglary-da isgene ýaly çüňkleri bilen deşýär. Daşdeşen guran baglarda köwek ýasap, özüne höwürtge edinýär. Käwagtlar bu guşlar iki sany köwek ýasaýar. Biri girelge, biri çykalga mysaly. Munuň özi daşdeşeniň höwürtgesine çagyrylmadyk myhman gelen çagy gaçmaga mümkinçilik berýär.
Daşdeşenler baga çüňki bilen sekuntda 20 — 25 gezek urmagy başarýarlar. Günüň dowamynda bolsa olar çüňki bilen 8000 — 12000 gezek baga urýarlar. Şu sebäpden hem bu guşlaryň kelle çanagy juda berkdir.
Kerim MEREDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



