Siziň üçin...Slider

Jedelli sowallarymyza jogap

22-03-2023 / 15

Näme üçin adam görýän düýşleriniň ählisini ýatlap bilmeýär?
Düýş müňlerçe ýyl bäri adamy haýran galdyrýan düşünjeleriň biridir. Käbir adamlar düýşler manysyz diýip pikir edýärler, emma käbir adamlar bolsa düýşleriň adamlaryň özüni sagdyn duýmaklygy üçin uly täsiriniň bardygyny aýdýarlar. Köp adam her gije rahatsyzlyk, aladalylyk ýa-da hyýaly arzuw-dilegleriň netijesinde sekiz düýşe çenli görüp bilýärler, ýöne olar düýşleriň diňe käbirlerini ýatda saklap bilýärler. Barlaglaryň netijesinde, eger-de adam düýş görüp ýatyrka birden gözi yrgyldasa, gören düýşüni has aýdyň ýatlaýandygy subut edildi.

Gözüňi açyp asgyrmaklyk mümkinmi?
Haçan-da biz asgyranymyzda gorag mehanizmi hökmünde biziň gözümiz ýumulýar. Ýagny beýle diýdigimiz, asgyrmaklyk netijesinde adamynyň agzyndan dürli wiruslar ýa-da bakteriýalar çykýar. Şol bakteriýalar we wiruslar adam gözüne girmez ýaly gözler öz-özünden ýumulýarlar. Rowaýata görä, eger asgyranyňda gözüňi açsaň, gözüň gaçar diýilýän düşünje ýalan, ýöne gözüňi ýummaklyk bolsa biziň has sagdyn bolmaklygymyza kömek edýär.

Adamlaryň beýnileriniň diňe 10% işjeňlik ukyby bar bolsa, onda has akylly (kelleli) adamlaryň beýnileri näçe göterim ukyply bolup bilýär?
Hakykatda bu çaklamanyň anyklygyna hiç hili subutnama ýok. Aslynda biziň beýnimiz dürli zatlary ýerine ýetiriji, ýagny dem alyşy sazlaýjy, duýujy we meýilleşdiriji böleklerden ybarat we biz olary işjeň ýagdaýda ulanýarys. Akylly adamlar beýnileriniň köp ýa-da az göterimini ulanýar diýen maglumat nädogry, ýöne olar beýnileriniň dürli böleklerini has işjeň ulanýarlar.

Taýýarlan: Mekan MAKSADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu