
ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Boston şäherinde ýerleşýän Garward uniwersiteti hemmeleriň ünsüni çekýän, şeýle hem dünýäniň iň tanymal alymlarynyň hem tamamlan ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Dünýädäki ähli talyplaryň hem-de talyp bolmagyň hyýalyndaky adamlaryň arzuwlaryny bezeýän, ady äleme dolan uniwersitetleriniň biri hökmünde-de hemmelere mälimdir. 382 ýyl mundan öň, 1636-njy ýylda düýbi tutulan bu uniwersitet, ABŞ-nyň iň bir ähmiýetli hem-de düýpli ýokary okuw jaýlarynyň biridir.
Aslynda, Garward uniwersiteti öňler kollež hökmünde bilinýärdi, wagtyň geçmegi bilen 1780-nji ýylda bu gurama Garward uniwersiteti adyny aldy. Garward uniwresitetiniň ilkinji ýolbaşçysy John Harward bolup, ol 400 sany kitaby hem-de belli mukdarda pul kömegini bu ýokary okuw jaýyna miras goýup gidipdir.
Başlangyçda miras galan 400 kitap bilen açylan kitaphana, häzirki döwürde on bäş milliondan gowurak kitaby özünde jemleýär. Dünýä derejesinde geçirilýän SAT synaglarynda iň ýokary netijeleri görkezen dalaşgärler Garward uniwersitetine kabul edilmek üçin bäsleşýärler.

Dünýäniň ykbalyny üýtgeden şereketleriň dolandyryjylary, ýolbaşçylary şeýle hem CEO-larynyň hem bu ýokary okuw jaýynda bilim alandygy, aýratyn bellenmeli zatlaryň biridir. Garward uniwersitetiniň 14 sany fakulteti bolup, olaryň ilkinjisi, şeýle hem iň gadymysy tebigy ylymlar hem-de sungat fakultetidir. Bu ýokary okuw jaýynda okamak isleýänler birnäçe şerti berjaý etmeli bolýarlar. Eger TOEFL synagyndan 205+ bal alyp bilen bolsaňyz, onda okuw döwri boýunça tölenýän töleg 80% arzanlaşdyrylýar.
Garward uniwersitetiniň tölegleri. Garward uniwersitetinde bilim almak üçin maddy ýagdaýyň örän gowy bolmagy zerurdyr. Ýöne 80%-lik töleg kömegini almak üçinem aşa ukyply, zehinli hem-de adatdakylardan has öňe saýlanmak gerek.

Garward uniwersitetiniň fakultetleriniň tölegleri barada şu hili maglumatlar bar:
Lukmançylyk hem-de hukuk fakultetleri üçin ýyllyk töleg 58 müň amerikan dollary;
Ykdysadyýet fakulteti 55 müň amerikan dollary;
Tebigy bilimler we sungat fakulteti 33 müň amerikan dollary;
Ylahyýet fakulteti 26 müň amerikan dollary.
Taýýarlan: Öwlýäguly HALTÄÇÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



