
Salamlaşmaklyk şahsyýetiň edepliligini kesgitlemegiň esasy görkezijilerinden biri hasaplanylýar. Ata-babalarymyz salama “Taňry salamy” diýipdirler. Sebäbi adamlaryň bir-birleri bilen tanyşmagy, hal-ahwal soraşmagy, salamdan başlapdyr. Güler ýüz bilen berlen salam we ondan soňraky hal-ahwal soraşmak adamlaryň göwünlerini açýar we ynam döredýär. Salamlaşmaga göwünli- göwünsiz çemeleşmek, onda ulumsylyk etmek, ýaranjaňlyk, hantamaçylyk biedeplik hasaplanypdyr. Şonuň üçin salamlaşmakda kiçi göwünliligi, açyk ýüzliligi, mähirliligi berjaý etmäge çalyşmak zerurdyr.
Türkmeniň asylly milli däpleriniň biri-de ata-enäni hormatlamakdyr. Ata- enäni hormatlamak, olaryň sarpasyny belent tutmak her bir çaganyň esasy borçlarynyň biridir. Ata-enä mährem bolmak, olaryň diýenini iki gaýtalatman, ýerine ýetirmeklik, olaryň saglygyna, uzak ýaşamagyna oňaýly täsir edýär. Halk arasynda dowam edip gelen rowaýatlaryň birinde bir söwdagäriň üç sany gyzlary bar eken. Bir gezek söwda etmek üçin uzak ýola ugramakçy bolanynda söwdagär gyzlaryny ýanyna çagyryp, nähili sargydyňyz bolsa aýdyň diýipdir. Iň uly we ortanjy gyzlary atasyndan gymmat bahaly şaý-sep getirip bermegini sorapdyrlar. Iň kiçi gyzy kiçijik bir torbany getirip atasyna beripdir we şeýle diýipdir: “Ýolda-yzda naharlanan wagtlaryňda meni ýatlap, çöregiň ýanyklaryny pyçagyň bilen kesip, şu torba atarsyň, söwdadan gaýdyp geleniňde bolsa ony maňa sowgat berersiň, şeýle etseň, ol meniň üçin iň gymmat sowgat bolar”.
Söwdagär “Gedemlilik edip, menden sowgat sargamagy namys edýär” diýen düşünje bilen kiçi gyzyndan närazylygyny duýdurman, içinde saklaýar. Günleriň birinde söwdagär söwdadan gaýdyp gelipdir we gyzlaryny ýanyna çagyryp olaryň sargytlaryny gowşurypdyr. Şonda “Ynha seniň hem sargydyňy getirdim” diýip, çörek ýanygy salynan torbajygy kiçi gyzyna nägilelik bilen gowşurypdyr. Kakasynyň nägileligini duýan kiçi gyzy oňa ýüzlenip, şeýle diýipdir: “Meniň üçin iň gymmatly zat seniň saglygyňdyr. Seniň ýola göteren çörekleriň gyssagara bişirilenligi üçin köp ýanygy bardy. Çöregiň ýanygy adamyň saglygy üçin örän zyýanlydyr. Olary sargyt etmedik bolsam, sen olary iýerdiň we kesele sezewar bolardyň”. Gyzynyň bu gürrüňi kakasynyň maňzyna batypdyr we nähak ynjydanlygy üçin ondan kakasy ötünç sorapdyr. Söwdagär özüniň getiren gymmat bahaly zatlaryndan kiçi gyzyna has köp sowgat beripdir hem-de ony beýleki iki gyzyndan-da eý görmäge başlapdyr.
Rowaýatdan görnüşi ýaly, perzentlik borjuna oňat düşünýän ogul-gyz ata- enäni ähli baýlyklardan, gymmatlyklardan ýokary tutýar. Olaryň janynyň sag bolmagy, uzak ýaşamagy ugrunda alada etmelidirler. Edeplilik şahsyýet üçin zerur gerek bolan sypatlaryň biridir.
Anžela KURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



