SliderŽurnalistiň sahypasy

Halkara Down Sendrom güni

21-03-2023 / 10

2006-njy ýylyň 21-nji martryndan bäri her ýyl «Halkara Down Sendrom güni» hökmünde bellenilip gelinýär. Bu keseliň döreýşi bejergi ýollary halkara derejesinde düýpli öwrenilýär.

Down Sendrom keseli gen hromosomalary bilen bagly kesel bolup, ol ilkinji gezek 1866-njy ýylda iňlis lukmany John Langdon Down tarapyndan anyklanylýar. Onuň alyp baran barlaglarynyň netijesinde, bu kesel esasan hem täze doguljak çagalaryň bedeninde goşmaça, ýagny 47-nji hromosomanyň döremegi bilen baglanşykly ýüze çykýandygy mälim edildi. Bu kesel çaga entäk dogulmanka peýda bolýar we özüniň zyýanly täsirini bütin ömrüniň dowamynda saklaýar. Down Sendrom keselli çagalarda  fiziki ösüşiň gijä galmagy, ýeňil we orta intellektual maýyplyk bilen bir hatarda  häsiýetli ýüz aýratynlyklarynyň bolmagy ýaly käbir ýetmezçilikler hem bolýar.  Ýagny, şeýle keseli bar bolan çagalaryň ýüzleri hem-de kellesiniň arka tarapy tekiz, boýny, gollary we aýaklary adaty ýagdaýdan kiçi, gysga we giň barmakly,  dili  uzyn we köplenç daşynda  bolýar. Şunuň ýaly köpdürli alamatlary bolan bu keselli çagalary aňsatlyk bilen tanap bolýar.

Maglumatlara görä, Down Sendromly 50 ýaşly  uly adamlaryň akyl taýdan pikirlenip bilijilik ukyplylygy 8 ýa-da 9 ýaşly adamlaryň akyl ukybyna deň diýip hem aýdylýar. Gen hromosomalary bilen bagly bu kesel çagalaryň köpüsinde dogabitdi gan aýlanyş we dem alyş näsazlyklaryny hem ýüze çykaryp  bilýar. Çagalar dogulanda agramy uzynlygy we kellesiniň ululygy bilen beýleki çagalardan tapawutlanmaýar. Ýöne fiziki taýdan ösüşiniň pesdigi sebäpli wagtyň geçmegi bilen kemçilikli taraplary bilinip başlaýar. Şu gün hut şu kesel bilen kesellän adamlara ruhy taýdan goldaw bermek üçin ajaýyp gün!

Muhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu