Siziň üçin...Slider

Halkara bagtlylyk güni

21-03-2023 / 12

Halkara bagtlylyk güni – Birleşen Milletler Guramasynyň halkara günleriniň sanawynda orun alýar. Bu halkara güni her ýylyň  20-nji martynda bütindünýäde giňden bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2012-nji ýylyň 28-nji iýunynda bagtly ýaşaýşa ymtylmak her bir ynsanyň özboluşly islegi bolup, döwletleriň ynsan ýaşaýşynyň abadanlygynyň möçberini olaryň maddy hal-ýagdaýynyň üpjünçiligini kesgitlemek üçin döredilýär. Rezolýusiýa BMG agza 193 döwletiň hemmesi tarapyndan goldanylýar. Şeýle hem, güni esaslandyryjylaryň pikirine görä, şu günki dynç alyş bagtyň adamzadyň esasy maksatlaryndan biridigini görkezmek üçin niýetlenendir.

Aslynda, Halkara bagtlylyk gününi döretmegiň başlangyjy kiçijik daglyk ýurtdan – Butandan gelip çykýar. Butan Patyşalygynyň halky dünýäniň iň bagtly adamlary –  raýatlarynyň milli baýlygyny ölçän umumy milli bagtlylyk  görkezijisinde ýeňiji  hasaplanýar. Ýeri gelende aýtsak, Butanyň dördünji şasy tarapyndan umumy milli bagtlylyk  koeffisiýenti düşünjesi girizilip, ösdürilip, ýurduň resmi däl döwlet pelsepesiniň düşünjeleriniň birine öwrüldi.

BMG-niň  Halkara bagtlylyk gününi döretmek bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ykdysady ösüşiň deňagramly, deňhukukly bolmalydygyna gönükdirmäge synanyşýar. Şeýle ösüş modeliniň durmuşa geçirilmeginiň netijesi, garyplygyň azalmagy bilen ýurtlarda durnukly ykdysady ösüşiň bolmagyna getirer. Mundan başga-da, BMG-niň dünýäniň bagtlylyk ýagdaýyna ýetmek üçin sosial we daşky gurşaw maksatnamalary bilen ykdysady ösüşi goldamagyň zerurdygyny öňe sürýär.

Gurbangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu