
20-nji martda Dohada geçirilen Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan saparynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi. Täze diplomatik wekilhananyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer.
Dohada bolýan türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada iki ýurduň baýdaklary galdyrylyp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekdi.
Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagy kesildi. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Ýeri gelende bellesek, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Kataryň diplomatik wekilhanasy açyldy.
«TürkmenGazet».



