SliderSyýahatçylyk

Köýtendag jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär

21-03-2023 / 16

Köýtendagyň özboluşly tebigy aýratynlyklary islendik jahankeşdäniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag ajaýyp tebigy künjekleri, täsin gowaklary, dag howasy bilen hemmelere lezzet paýlaýar. Häzirki wagtda onuň gowaklaryny we taryhyny öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.

Gap-gotan. Köýtendagda ýerleşýän Gap-gotan gowagy özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän magdanlaryň, minerallaryň uly toplumlary bar. Gowakda diňe bir minerallar bolman, ol ýeriň klimaty hem üýtgeşikdir. Gap-gotanyň dürli pasyllarda hem adam saglygyna örän peýdaly howasy bardyr. Bu ýeriň howasyndan dem almaklyk birnäçe keselleriň öňüni alýar we bejergi geçirmek üçin hem diýseň peýdalydyr.

Gözýetmez çuňluk. Gruziýanyň Abhaziýa awtonom Respublikasynda ýerleşýän gowak dünýäde iň çuň gowak hökmünde tanalýar. Dagyň gerşinden göni aşaklygyna gaýdýan gowagyň çuňlugy 2196 metre ýetýär. 1960-njy ýylda üsti açylan gowaga ony açan adamyň ady dakylypdyr. «Kruber» diýlip atlandyrylýan gowagyň düýbüne ýetmek üçin birnäçe sagat gerek bolýar. Onuň täsin ýeri garaňky gowagyň 300 metr düýbünde hem ýaşaýyş bedenleriň barlygydyr.

Kristal gowak. Kristaldan özboluşly hem-de äpet şekile eýe bolan gowak Meksika döwletinde ýerleşýär. 2000-nji ýylda üsti açylan gowagyň kristal bölekleriniň her biri 12 metre, diametri bolsa 4 metre ýetýär. Gowagyň düýbünde janly wulkanyň barlygy sebäpli onuň içi hemişe ýokary derejede gyzgyn we çygly. Şol sebäpli, gowagyň içinde ýörite goragly egin-eşik geýneniňde ýarym sagat saklanyp bolýar. 500 müň ýylyň dowamynda emele gelen kristal gowak özboluşly aýratynlyga eýedir.

Aýsrizenwelt. Buz bilen örtülen dünýäde iň uly gowak Awstriýa döwletinde ýerleşýär. «Aýsrizenwelt» diýlip atlandyrylýan bu gowak dag içine tarap 50 kilometre golaý uzaýar. 1879-njy ýylda üsti açylan gowakda minerallaryň ençeme görnüşi bolup, olar gowagyň birnäçe reňkde öwşün atmagyna sebäp boýar. Ýylyň islendik paslynda hem bir durkunda buzy eremän durýan gowagy görmäge ýylda 200 müňe golaý syýahatçy gelýär. Gowagyň içindäki buz gatlagynyň müňýyllyga uzaýan taryhy bar.

Köýtendagyň tekiz dag gerşinde dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ençemesi bar. Hünärmenler tarapyndan 150 million ýyl bilen senelenýän ol yzlar islendik adamda uly gyzyklanma döredýär.

Kerim BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu