Siziň üçin...Slider

Deýl Karneginiň maslahatlaryndan

20-03-2023 / 10
  • Meniň her bir duşan adamym, haýsam bolsa bir meselede menden artykmaç. Men şol zady ondan öwrenmelidirin.
  • Özümizi alyp barşymyzyň esasynda biziň pynhan arzuwlarymyz ýatyr. Şonuň üçinem kimdir biri kime-de bolsa birine bir iş etdirmegi ýüregine düwen bolsa, işdemi, öýdemi, mekdepdemi ýa syýahatdamy, tapawudy ýok, onuň üçin iň gowy maslahat şeýledir: öňürti gürrüňdeşiňizde bir zada ölemen isleg dörediň. Kimde-kim şuny başarsa, dünýä emrini ýöreder, başarmadyklar bolsa ýalňyz galar.
  • Eger adama zerurlygy bolmadyk bir zady ýöne öwredip goýberseň, ol hiç haçan hiç zady öwrenmez.
  • Öz şahsyýetiňiz bilen illeri gyzyklandyryp, iki ýylda gazanjak dostuňyzdan, özgeleriň şahsyýeti bilen gyzyklanan iki aýyňyzda, öňki iki ýyldakydan köp dost gazanyp bilersiňiz.
  • Başgalar biz bilen gyzyklananda, bizem olar bilen gyzyklanýarys.
  • Adamlarda täsir galdyrmak we özümiz bilen olary gyzyklandyrmak arkaly dost gazanmaga çalyşsak, onda biziň hakyky, ýürekdeş dostumyz köpelmez. Dostlar, onda-da hakyky dostlar satyn alynmaýar.
  • Öz ýoldaşlary bilen gyzyklanmaýan adam durmuşda örän uly kynçylyklary başyndan geçirýär we töweregindäki adamlara iň köp zyýan ýetirýär. Edeni ugruna bolmaýanlar diňe şuňa meňzeş adamlaryň tarapyndan çykýar.
  • Biziň hemmämize bize haýran galmak bilen seredýän adamlar ýaraýar.

Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu