Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katar Döwletine gitdi

20-03-2023 / 8

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi. Munuň özi Ýakyn Gündogaryň bu ýurdy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädimdir.

Döwlet Baştutanymyzyň sapary mynasybetli Doha şäheriniň «Hamad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Kataryň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny ýurduň resmi wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň ikiçäk gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu