SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmen telekeçileriniň gazananlary ýubileý sergide şöhlelendirildi

20-03-2023 / 8

Mälim bolşy ýaly, Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 200-den gowrak gatnaşyjy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Sergi öz işini dowam edýär.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüm hem-de welaýat bölümleri, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde ýöriteleşen hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeleri çözmekde gazanan üstünliklerine sergide aýratyn üns çekildi.

Sergidäki monitorlarda telekeçiligiň dürli pudaklarynda 15 ýylyň içinde gazanan üstünlikleriniň diagrammasy görkezildi, şeýle hem birleşmäniň düzüm bölümleriniň diwarlyklary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky hereket edip, onuň welaýat şahamçalary hem bar.

Telekeçilik mekdebi hünär taýýarlygynyň onlarça ugry boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “ýaşlar kärhanalaryna” we başlangyçlaryna uly goldaw bermek bilen, ýaş işewürlere kömek berilmegine aýratyn üns berýändigini bellemek gerek. Bu babatda 2022-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berlendigi bellärliklidir. Bu ýokary okuw mekdebi innowasion telekeçiligi ösdürmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebi milli hünär bilim ulgamynda öňdebaryjylaryň biri bolmak bilen, sebitde iri halkara derejeli bilim ojaklarynyň biri bolar.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümleriniň işi hem görkezildi. Ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda iş alyp barýan iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli döwlet taslamalaryny amala aşyrýarlar, hususy kärhanalar bolsa onlarça müň adamy iş orunlary bilen üpjün edýärler. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy netijesinde halk hojalygynyň düzüminde hususyýetçileriň paýy ýyl-ýyldan artýar. Döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň netijeli ýola goýulmagy bilen, ýurdumyzda hususy eýeçilige esaslanýan döwrebap önümçilikleriň, bilelikdäki kärhanalaryň hem-de paýdarlar jemgyýetleriniň sany yzygiderli artýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar.

Mähri BAÝRAMOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu