
Orhideýa gülleri bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýär. Gögerýän topragyna baglylykda orhideýa gülleri epifit, saprofit ýa-da litofit görnüşli bolýar. Olaryň aglabasy epifit ösümlikler hasaplanýar. Ýöne litofit görnüşlilerem, saprofit hillilerem duş gelýär. Orhideýa gülleri gözelligi, täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Ylymda gülleriň 35 müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr.Geliň, onda şolaryň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri bilen tanyş bolalyň!
Örän seýrek hem täsin gülleriň biri Kaleana orhideýasydyr. 1810-njy ýylda şotland botanigi Robert Braun ilkinji bolup bu täsin gülüň üstünden barýar. Braun bütin ömrüni Awstraliýanyň ösümlik dünýäsini öwrenmäge bagyş eden botanik Jorj Kaliniň hormatyna güle Kaleana orhideýasy diýip at beripdir. Gaňrylyp duran boýny, egrelip duran çüňki, iki ýana gerlen ganaty bilen bu gül edil uçjak ördege meňzeýär. Eger-de şol gül baldagyndan ýolnaýsa, asmana tarap ganat kakyp gidäýjekmikä diýdirýär. Şonuň üçin gülüň ikinji bir ady uçýan ördek orhideýasydyr. Kiçijik endemik gül, esasan, Awstraliýanyň ewkalipt tokaýlyklarynda gabat gelýär, kähalatda batgalyk ýerlerinde-de, daglyk ýerlerinde-de duş gelýär. Inçejik baldagynyň uzynlygy 50 santimetr. Gülüň bary-ýogy ýekeje ýapragy bar. Bir düýp 2 — 4 sany gül berýär. Gülüniň boýy 4-5 santimetr. Reňki goňrumtyl-gyzyl bolup, ol sentýabr-ýanwar aýlary aralygynda gülleýändir.
Gülüň köpelişi çylşyrymly hem-de täsin. Tozanlanma möwsümi gelende, gül ýapraklarynyň içinde mör-möjekleri özüne çekýän attraktant peýda bolýar. Onuň ysyna ganatlyja mör-möjekler uçup gelýär. Olar güle gonanda, gül ýapragy ýapylýar. Gapana düşen möjejik aljyrap, iki ýana urunýar. Şonda ol durky bilen gül tozgajyklaryna bulanýar. Az salymdan gül ýapragy açylýar. Gapandan sypan mör-möjejik düşen howpuny tiz ýatdan çykarýar. Öňki ýalňyşyny gaýtalaýar-da, başga bir gül okara gonýar. Mör-möjekler ikinji gezek gapana düşende hem güli tozanlandyrýar. Tozanlanyşy şeýle çylşyrymly bolany üçin, uçýan ördek orhideýasyny otag güli hökmünde köpeltmek asla mümkin däl. Ony hat-da alymlaram başaranok. Diňe tebigy şertlerde ýaşamaga, köpelmäge uýgunlaşan täsin gülüň seýrekligem şonuň üçindir.
Uçup barýan ak guşa çalym edýän ak gogur orhideýasynyň asyl mekany Ýaponiýa hasaplanýar. Seýrek gül Hytaýda, Koreýada, Afrikanyň, Günorta Amerikanyň tropik klimatly ýerlerinde duş gelýär. Onuň 600-den gowrak görnüşi bar. Maglumatlara görä, ilkinji gezek bu gül ýaýlada mal bakyp ýören çopanyň gözüne ilipdir. Çopan ony öýüne getiripdir. Ýabany gül şeýdip medenileşdirilipdir. Ak gogur orhideýasy goralýan gülleriň sanawyndadyr. Ýogsam ony ýaponlarda her maşgala diýen ýaly otag güli hökmünde saklaýar. Bu güle howa şertleriniň üýtgemegi, hapalanmagy bilen bagly ýitip gitme howpy abanýar. Gülüň boýy 50 santimetre ýetýän baldagynda inçejik uzyn ýapraklary bolýar. Beýleki orhideýa gülleri ýaly, ak gogur hem yzgarly topragy, ýagtylygy halaýar. 30 derejedäki gyzgynlykda guraýar. Owadan ak güller tomsuň ahyrynda gülleýär. Bir düýpde 10-a golaý uçup barýan ak gogur peýda bolýar. Gülleýiş 2 hepdä çekýär.
Amerikan ýazyjysy Mark Twen bir powestinde gül okarajygynyň içinde kiçijik akja kepderiniň ganat kakýandygyny suratlandyrýar. Şeýle gül ussat ýazyjynyň toslamasy däl. Mark Tweniň powestinde waspyny ýetirýän täsin güli Panamada ösýär, ady-da kepderi orhideýasy. Kepderi orhideýasy 1980-nji ýyldan bäri Panamanyň milli güli hasaplanýar. Ol seýrek duş gelýän gülleriň biridir. Üns bilen seretseň, dogrudan hem, gül okarajygynyň içinde kellesi, çüňki aýyl-saýyl bildirýän, ganatyny ýaýyp duran kepderi oturan ýaly. Gülüň baldagynyň uzynlygy 50 — 130 santimetr. Kepderi orhideýasynyň ýapraklary uly. Ýapraklarynyň uzynlygy 1 metre ýetýär. Gülüniň ululygy 5 santimetr. Bir düýp 2 — 4 gül getirýär.
Kepderi parahatlyk guşy hasaplanýar. Şonuň üçin täsin orhideýa gülüne «Dünýäniň kepderisi» hem diýilýär. Panamada bu gülüň şowlulyk getirýändigine berk ynanýarlar, oňa asudalygyň, gülläp ösüşiň alamaty hökmünde garaýarlar. Ýitip gitme howpy abanýan kepderi orhideýasy döwlet tarapyndan goralyp saklanýar.
Nazar BAHTIÝAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



