Göwün küýsegiSlider

Aýralyga aglamaly men dälmi?!.

Geljegine uly ynam bildirilýän ýaş şahyr Parahat Batyrowyň goşgularyny hödürleýäris we ýaş ýigide çägi bolmadyk şygryýet dünýäsinde ýeňişli menzilleri arzuw edýäris!

19-03-2023 / 37

Ýalňyz gyz

Meniň gylygymy hemmeler bilýär,
Käte ýekelikde goşgy ýazýaryn.
Güýz gelende ruhy dünýäm giňeýär,
Şo mahal geçmişe nazar salýaryn.

Sende-de güýz bilen çalymdaşlyk bar,
Seň halyňdan hiç kim habar alanok.
Ýalňyzlygňy hemmelerden gizleýäň,
Ýöne welin menden gizläp bileňok.

Gussa batan, aýa meňzeş jemalyň,
Meni ýene çagalyga dolaýar.
Öwsüp duran güýzüň näzik şemaly,
Seniň ýüpek saçlaryňy daraýar.

Şu gün diýen sözlerimden öýkeläp
Öýüňize tarap batly ýöreýäň.
Ertesi gün ýene öýkäňi gizläp,
Emaý bilen gözlerime garaýaň.

Seniň ýalňyzlygyň giden bir umman.
Gam-gussaňy başaraňok görkezmän.

* * *

Sen özüňden günä gözläp aglaýaň,
Aslynda-ha aglamaly men dälmi.
Şowmadyk söýginiň ýürege salan
Ýaralary, ikimize deň dälmi?!

Gussalarym gurşap aldy kalbymy,
Hatda olar damaga çen püre-pür.
Salgym deýin ýatlamalar men hakda,
Seni süýji hyýallara büresin!

Sen düşünäý…
Täleýi ters maňlaýa,
Şeýle agy ýazandyr-da Ýaradan.
Zar-zelil başyňy äm-säm ýaýkalap,
“Nämçüýn?” diýip, aglaýarsyň ýene-de.

…Gözýaşyňy syrykdyrýaň ykbala,
Ykbal näme hemmelere deň dälmi?
Sen özüňden günä gözläp aglama,
Aýralyga aglamaly men dälmi?!

* * *

Geň däl

Geň däl maňa, ýagýan ýagyşlar, garlar,
Asla geň däl günleň dogup, ýaşyşy,
Möwç alyp iki ýan bulanyk derýaň
Ýol ugrunda hanasyndan çykyşy.

Geň däl maňa, sary aýralyklaryň
Ynsanyň kalbynda goýýan tegmili.
Geň däl maňa, giden bigaýratlaryň,
Namysdan el çekip başyn egmegi.

Geňliklerem – täzelik däl jahanda.
Ölimem, ýitimem, ajalam… geň däl.
…Ynanamok gyzlaň gülüp bakanna,
Sebäbi olaryň hiç biri sen däl.

Parahat BATYROW,
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu