
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Saýlawlary guramak boýunça tejribe alyşmak, hukuk kadalaryny hem-de halkara iş tejribesini öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýändigine üns çekildi.
Myhmanlar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen meýilnama, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary hem-de ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.
«TürkmenGazet».



