
15-nji martda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde täze lukmançylyk merkezleriniň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-njy fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, paýtagtymyzda bina ediljek 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryny amala aşyrmak «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy. Kompaniýa tarapyndan täze desgalary taslamalaryny düzmek, olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak arkaly 2026-njy ýyla çenli doly ulanyşa taýýar etmek meýilleşdirilýär.
«TürkmenGazet».



