SliderŽurnalistiň sahypasy

Bahar güni — tebigatyň toý güni

16-03-2023 / 5071

Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir

Halk arasynda «Ýylyň gelşi Nowruzdan belli» diýen aýtgy bar. Nowruz — ýylyň başlangyjy, täze berekediň badalgasy. Nowruz ýagynly gelse, halaýyk hoşnut bolup, ony haýra ýorýar. Nowruz täze oba hojalyk möwsüminiň hem gelendigini alamatlandyrýar. Tebigatdan bagt tapan çarwalar maşgalasy bilen ýaýla ýazlaga çyksalar, daýhanlarymyz irki ekinleriň aladasy bilen bolýarlar.

Bu baýram adaty baýram däl, halkymyzyň taryhyny, durmuş pelsepesini, duýgy-düşünjelerini, dünýägaraýşyny özünde jemlän, milletimiz bilen ýaşaýan, döwletimiz bilen ösüp-özgerýän baýram. Bu baýram gadym-gadym zamanlardan bäri il-ulsumyzyň ezizläp, biziň günlerimize ýetiren baýramy.

Orazmämmet GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu