
Londondaky «Aýaskan» studiýasy tarapyndan döredilen güldanlaryň esasy aýratynlygy olaryň ösümlik bilen deň ösüp, ulalyp bilýänligidir. Güldanyň ösüşini onuň ýüzündäki nagyşdan bilip bolýar. Has takygy, yzygiderli ösüş netijesinde ösümlik görnüşini üýtgedýär. Onuň görnüşiniň üýtgeýşine görä, güldandaky nagyşlar hem özgerýär. Organiki we organiki däl gurluşlary birleşdirýän innowasiýa arkaly ösýän güldana isleg barha artýar. Güldanda ösümligiň köküniň hem endigan ösmegi üçin ähli şertler bar.
Indi ekin ekmek üçin ýeri ekstensiw ulanmagyň zerurlygy ýok. Oýlanyp tapylan täsin güldanlar ösümlik bilen bile ösýär.
Tebigatdaky ähli ösümlikleriň daşky gurşawa uýgunlaşýandygyny, ösýändigini, gülläp, guraýandygyny, topraga siňýändigini we täzeden döreýändigini aýdýan dizaýnerler: «Täze güldanyň bu ýagdaýa çemeleşmesi tersinedir. Onda zatlar döredilýär, ulanylýar we soňra işini ýitirýär. Ösümligiň boýy örän möhümdir. Şonuň üçin origami galyndysy seresaplylyk bilen ölçelýär, tebigatyň ösdürmek we üýtgetmek ukybyna öýkünilýär. Bu ukyplaryň hemmesi öndürilen önüme geçýär» diýip, onuň işleýiş tertibini düşündirýärler.
Kyýas ORAZGELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.