
Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar.
Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň görnüşi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.
Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr.
Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar.
Her bir kömelegiň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr.
Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotularydyr. Olaryň bardygy ir döwürlerden bäri bellidir.
Amazonkada duş gelýän suw liliýalary ýapraklarynyň ululygy bilen tapawutlanýar. Ýapraklaryň her biriniň ölçegi 2 metre ýetip, olar hatda çagajygy hem götermäge ukyplydyr.
Hytaýyň günortasynda duşýan bambuk agajynyň bir görnüşi çalt ösýändigi bilen tapawutlanýar. Bir aýyň dowamynda onuň beýikligi 30 metre barabar bolýar.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.