Siziň üçin...Slider

62 ýyldan soň reňki üýtgedi

13-03-2023 / 8

Meşhur kino ýyldyzlarynyň 1961-nji ýyldan bäri geçen gyzyl halysynyň reňki, şu ýyldan reňkini üýtgeder.

Kino sungatynda iň bir abraýly baýrak gowşurylyş dabarasy bolan Oskar baýraklary 12-nji martda laureatlaryna dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Şu ýyl nobatdaky 95-nji gezek geçiriljek abraýly baýrak gowşurylyş dabarasynyň meşhur halysynyň reňki 62 ýyldan soň başga bir reňke çalşyldy. Bu barada www.haberturk.com saýty habar berýär.

Häzirki wagtda 12-nji martda geçiriljek 2023-nji ýylyň Oskar baýrak gowşurylyş dabarasynyň taýýarlyk işleri uly depgin bilen dowam edýär. Uly haly, meşhurlaryň ýylyň iň uly gijesinde kino üçin geçjek ajaýyp Golliwud bulwaryna goýuldy. Nyşanly haly indi şampan reňkde bolar. Däp bolşy ýaly, Oskar dabarasyny Golliwudyň Dolbi teatrynda meşhur tok-şou alyp baryjysy Jimmi Kimmel alyp barar. Jimmi Kimmel täze halynyň goýulýan mahaly KHBS-niň işgärleriniň öňünde çykyş etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu