
33 ýaşly garyşyk görnüşli göreş boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde ýarym agyr agram derejesinde litwaly Julius Englikasy ýeňdi. Bu göreş ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherinde deslapky kardanyň çäginde geçirildi.
«Ýagşymyradowa aňsat düşmez. Elleriň gerim tapawudy sebäpli onuň garşydaşyna ýakynlaşmasy kyn bolar» diýip, synçylar göreş başlamazdan ozal aýdypdylar. Çünki, boýy 191 santimetr bolan litwaly türgen türkmenistanly garşydaşyndan 11 sm uzyndy.

Emma Döwletjan göreşde özüne erk etmesi we aýakda durşuny has gowy ýerine ýetirmesi sebäpli, üç tapgyrly bäsleşigi ynamly geçirdi. Ýagşymyradowyň, şeýle hem üç sany ajaýyp teýkdauny bardy we eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiji boldy.
«TürkmenGazet».



