Göwün küýsegiSlider

Monjugatdy — hyýallary hakykata gatdy

(oýlanma)

12-03-2023 / 48

O wagtlar orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarydyk. Mekdepde göreldeli synp hökmünde tanalýardyk. Mugallymlarymyz hem öwgümizi ýetirerdi. Bir gezek mekdebimiziň müdiri Nowruz baýramçylygy mynasybetli açyk sapagyny geçirmegi biziň synpymyza tabşyrdy. Biz synpymyzyň gyzlary bolup, aýdym-sazdyr goşgy setirlerinden başga-da, kiçiräk çykyş taýýarlamagy ýüregimize düwdük. «Monjugatdylar gyz-gelinler tarapyndan Nowruz gijesinde aýdylýan aýdym bentleri» diýip, heniz 5-nji synpda halk döredijiliginiň bir ülşünden öwrenen temamyzy ýatladyk-da, milli oýunlarymyzy gyzlar bilen herekete geçirmäge häzirlendik.

«Monjugatdylar» diýen tema düşündirilende şeýle diýilýär: «Haýsy-da bolsa bir tabagy, käsäni suwdan dolduryp, onuň içine her kim öz monjugyny atýar. Gelin-gyzlaryň biri käsäni eline alyp, bir bent goşgy aýdýar we şol monjuklardan birini çykarýar. Kimiň monjugy çyksa, ýaňky aýdylan bent hem şol gelin-gyza degişli hasaplanýar».

Ertesi gün taýýarlyga herimiz biri beýlekisine meňzemeýän reňkli monjuk getirdik. Oýun gyzykly başlandy. Her aýdylan bentde çekilen monjuk kimiňki bolsa, onuň ýüzüne seredip, syrly ýylgyryşdyk, degişdik. Soňra monjukly käsäni joramyza geçirdik.

Şeýleden-ä, şeýleden,
Gözüm gitmez şeýleden.
Gyrmyzy donly, gyr atly,
Sensiň meni Leýli eden.

Monjuk çekildi: reňki mawy. Gyzlaryň hyşy-wyşysy artdy. Her kim bir zat diýip henek atýardy. «Leýlimiz-ä belli boldy. Mejnunyň kimdigi hemmämizi gyzyklandyrýar», «Gyzlar, näbilýäňiz, «Leýliniň» gözüni ýolda goýan Mejnun eýýäm bellidir», «Bagtly ýigit nirelerdekä?»… Men bolsa gürrüňlere kän gulak gabartman, «Degişmäňizi goýsaňyz-la, gyzlar, oýundyr-da. Sizem degişmeli bolsaňyz, iki paý berlen ýaly» diýip, käsäni bat bilen alyp, oýny dowam etdirdim…

Geň galaýmaly, açyk sapagyna taýýarlyk pursatlarymyzdaky şo setirler hakyt özüme degişli bolsa nätjek?! «Monjugatdydaky» bent ençeme ýyllardan soňra hyýallary hakykata öwürdi.

Häzir şo-ol oýnumyz biygtyýar ýadyma düşýär. Gyzlar mamla eken. Özümi näler ynandyrmajak bolsam hem, şol «gyrmyzy donly, gyr atly» gözlerimi ýolda goýdy…

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu