SliderŽurnalistiň sahypasy

Dünýäniň akyl hazynalaryna syýahat

12-03-2023 / 10

Kitaphana bu neşirleri diňe bir saklamaga niýetlenen bina bolman, eýsem, ol gymmatlyklary köpçülige ýetirmek wezipesini hem öz üstüne alýar. Şonuň ýaly-da kitaphana adamzadyň döreýiş we ösüş taryhyny geljege ýaýmagyň hem ygtybarly serişdesidir. Hyzmatdaşlyk köprüsi saýylýan kitaphanalar dürlüligi— ululy-kiçiligi, kitap gory, okyjy sany… boýunça toparlara bölünýär.

ABŞ-daky «The Library of Congress» kitaphanasy dünýäniň iň uly kitaphanasydyr. Ol 1800-nji ýylda döredilen. Waşingtondaky bu kitaphanada neşirleriň 155.3 milliondan gowragy saklanýar. Şeýle-de bu ýerde dünýä dilleriniň 46-synda ýazylan kitaplar, ýazgylar, kartalar, golýazmalar bar. Okyjy sany boýunça The Library of Congress dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Ýylda bu ýere okyjylaryň 1,7 milliony gelýär. 

«New York Public Library» dünýäniň iň köp okyjyly kitaphanasydyr. Bu ýere her ýylda 16 milliondan gowrak adam gelýär. Kitaphanada neşirleriň 53,1 milliondan gowragy bar. Londondaky «The British Library» kitaphanasy bolsa kitap gorunyň dürlüligi bilen tapawutlanýar. Onuň fondunda kitap neşirlerinden, audioseslerden başga-da patentleriň 57 milliony saklanýar.

Kanadanyň «Library and Archives Canada» kitaphanasy bolsa kanadalylaryň medeni mirasy baradaky maglumatlary toplamak we saklamak wezipesini öz üstüne alan. Şol sanda bu ýeri arhiw-kitaphana hökmünde meşhurdyr. Bu ýerde Kanadanyň saz folklor, sungat-döredijilik eserleriniň 350 müňi saklanýar.

Leonarda De Winçiniň «Kodeks Lester» kitaby dünýäde iň gymmat satylan kitapdyr. Mark Tweniň «Missisipidäki ýaşaýyş» kitaby çap maşynda ýazylan ilkinji kitapdyr.

Margaret Mitçelliň, Lew Tolstoýyň, Şekspiriň, Mihail Bulgakowyň eserleri dünýäde iň köp okalýan eserler hasaplanýar.

Nurjemal GURBANOWA,
Dänew etrap kitaphanasynyň Berzeň geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu