
10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bagtyýar talyplar, şol sanda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardaky ýeňişli ädimleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy giňden şöhlelendirildi.

Dabaraly maslahat Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy bilen açyldy. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Maslahatyň gün tertibi boýunça çykyş edenleriň ählisiniň ýaşlardygyny bellemek gerek. Çykyş eden öňdebaryjy ýaşlar — ýaş şahyrlar, döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň her bir ata-enäniň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze eseriniň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Bu dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymyna buýsanjyň çuňňur beýany boldy.
Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.



