Siziň üçin...Slider

Nowruz bilen bagly yrymlar

11-03-2023 / 46

Musulman halklarynyň köpüsinde Nowruz baýramy milli baýram hökmünde bellenilýär. Pederlerimiz Nowruz bilen bagly birnäçe yrymlary döredipdirler.

Baýramyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de şaman oduny ýakmak bilen baglanyşyklydyr. Nowruzda şaman oduny ýakyp onuň üstünden bökseň, ähli günäleriň dökülermiş diýip yrym edilýär.

Nowruz gijesi asman bulutly bolsa hem-de gar, ýagyş ýagsa şol ýyl ygally, ýagmyrly gelermiş.

Bu baýramda datly tagamlar näçe köp taýýarlanylsa, şonçada saçaklarymyzyň bereketli boljakdygyna ynanylypdyr.

Ene-mamalarymyz semeni taýýarlanylanda ýaşajyk bugdaý maýsalarynyň ýüzüni gyrkyp, ony saçbaga daňypdyrlar.

Nowruzda howa gurak bolsa, onda şol ýyl hem howa gurak, tomus yssy geler.

Nowruz güni ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.

Nowruz güni doglan çaga bagtly perzent bolarmyş.

Täzelenişiň baýramy bolan Nowruzda täze zat, täze lybas geýseň, ol saňa gowulyk, şowlulyk getirermiş.

Nowruzda şemal günortadan öwüsse tomus epgekli bolar, demirgazykdan öwüsse ýaz ýagmyrly, tomus yssy bolar.

Nowruzda pent-nesihat, öwütler bilen birek-birekden öýkeli adamlary ýaraşdyrypdyrlar.

Nowruzda Aý günortadan dogsa ýaz gurak bolar, demirgazykdan dogsa ýaz sowuk, tomus hem yssy we jöwzaly bolar.

Nowruzda edilen ähli gowy niýetler, arzuw-maksatlar hasyl bolarmyş.

Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulutly bolar.

Arslan MAKSADOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu