Habarlar

18-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

11-03-2023 / 9

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu