Habarlar

«Ýylyň zenanlary» saýlandy

10-03-2023 / 5

Meşhur «Time» žurnaly  adatdan daşary 12 ýolbaşçynyň saýlap seçmegi netijesinde «Ýylyň zenanlarynyň» sanawyny mälim etdi. Bu sanaw her ýylyň 2-nji martynda neşir edilýär.

 Bu ýylky sanawda görkezilen 12 zenan dünýäniň dürli ýerlerinden bolup öz jemgyýetlerinde we ugurlarynda möhüm täsir galdyrmagy başardy. Olaryň aglabasy täzeçillige itergi beren ägirt uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Žurnalyň sanawynda artist Keýt Blanşet, ýazyjy Angela Bassett, aýdymçy Fibe Bridgers, artist Kwinta Brunson, futbolçy Megan Rapinoe, boksçy Ramla Ali, eýranly žurnalist Masih Alinejad,  «Suntory Beverages» kompaniýasynyň baş direktory Makiko Ono we Braziliýanyň ministri Anielle Franko bar.

Ýeri gelende aýtsak, bütindünýäde giňden bellenilýän, Halkara zenanlar güni mynasybetli «Time» žurnaly 8-nji martda Los Anjeles şäherinde abraýly baýraga mynasyp bolan zenanlar üçin «Ýylyň zenanlary» atly baýramçylyk agşamyny geçirdi.

Öwez BORJAKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu