Nowruz — ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
Halk arasynda «Ýylyň gelşi Nowruzdan belli» diýen aýtgy bar. Nowruz — ýylyň başlangyjy, täze berekediň badalgasy. Nowruz ýagynly gelse, halaýyk hoşnut bolup, ony haýra ýorýar. Nowruz täze oba hojalyk möwsüminiň hem gelendigini alamatlandyrýar. Tebigatdan bagt tapan çarwalar maşgalasy bilen ýaýla ýazlaga çyksalar, daýhanlarymyz irki ekinleriň aladasy bilen bolýarlar.
Bu baýram adaty baýram däl, halkymyzyň taryhyny, durmuş pelsepesini, duýgy-düşünjelerini, dünýägaraýşyny özünde jemlän, milletimiz bilen ýaşaýan, döwletimiz bilen ösüp-özgerýän baýram. Bu baýram gadym-gadym zamanlardan bäri il-ulsumyzyň ezizläp, biziň günlerimize ýetiren baýramy.
Kerwengeldi HAÝYTBAÝEW,
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.