Habarlar

Köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlary sowgat berildi

09-03-2023 / 7

8-nji martda Diýarymyzyň çar künjeginde köp çagaly bagtyýar eneleriň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýleriň sowgat edilmegi Halkara zenanlar gününiň dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Toý gününiň ir säherinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň “Garaşsyzlyk” ýaşaýyş jaý toplumyndaky 4 gatly, köp öýli täze ýaşaýyş jaýynyň öňündäki giň meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara göwün göterijiligi bilen tapawutlandy. Bu ýere welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekillerinden, bagtyýar maşgalalardan başga-da köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Ruhubelentlige beslenen dabarada köp çagaly enelere döwlet Baştutanymyzyň adyndan täze, döwrebap öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy has-da tolgundyryjy boldy. Şu ajaýyp pursatda mährem eneler beýik döwrümize bolan buýsanjyny, ýürek joşgunyny beýan etdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu