SliderŽurnalistiň sahypasy

Sazyň gudratly güýji

09-03-2023 / 11

Türkmen sazynyň milli owazy, heýjanly duýgular dünýäsi söz mülküniň gadymdan gelýän hazynasydyr. Ol nurana ahwalyň müňlerçe öwüşginini, owazlar kökenini, mylaýym milli äheňlerini duýýan ynsan türkmeniň kimdigine göz ýetirip başlaýar. Sazanda dutara dil bitirende, syrly owazlaryň arasyndan türkmeniň taryhy, janly durmuş sahnalary ör-boýuna galýar.

Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň taryhyna nazar aýlasaň, «Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar» diýen dananyň şygyrlarynyň tas hemmesi diýen ýaly, aýdyma salnypdyr. Olar «Derman eýledi», «Ýow bagşy», «Pelek ömrüm», «Garybym», «Näler görner», «Ýaraşmaz»… ýaly onlarça gadymy saz eserleriniň milli owazyndan halk aýdymlaryna öwrülipdir. Olaryň her biriniň özbaşyna saz eseri bolup duran şaha-şaha ýollary bar. Käbir sazlary kyrk dürli çalmagy başaran türkmeniň saz dünýäsinde ýeten derejesine haýran galýarsyň. Türkmen sazlary owaz öwüşginleri, özboluşly heňleri bilen arkama-arka dowamly bezelip gelipdir.

Ähli ruhy hallary sazyň gudratly güýjünden susup alýan türkmen halkymyz köňle laýyk zada: «Saz bolupdyr» diýýändir. Halkymyzyň beýik sadalygynyň özi şu goýazy düşünjeden gözbaş alýar. Türkmen sazlaryny öwreniji W.Uspenskiý dutara: «Dünýäde iň çylşyrymly sazlary çalýan iň sada saz guraly» diýende-de, halkymyzyň saz sungaty bilen bitewüleşýän milli pelsepesini nazarlan bolmaly.

Goý, milli sazlarymyzyň owazy baky Bitarap döwletimizde kalplarda sena bolup ýaňlansyn!

Begenç GUTLYÝEW,
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki Çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu