
Bahreýn – Günorta-Günbatar Aziýada, Bahreýn aýlagynda ýerleşen adalar döwletidir. Paýtagty – Manama şäheri.Ýurduň tutýan meýdany 766 inedördül km deň bolup, çägi boýunça arap döwletleriniň iň kiçisi hem-de gür ilatlysydyr. Ýurduň ady «Iki deňziň goşulyşýan ýeri» («majmu ‘u-l-Bahreýn») diýen manyny berýär. Döwlet Katar ýarym adasy bilen demirgazyk-gündogar Saud Arabystanyň aralygynda ýerleşýär. Resmi dili – arap dili bolup, ýurt unitar döwletdir. Pul birligi – Bahreýn dinarydyr.
Ilkinji Konstitusiýasy 1973-nji ýylda güýje girýär. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Bahreýnde 2002-nji ýylyň 14-nji fewralynda kabul edilen ikinji Konstitusiýa hereket edýär. Oňa laýyklykda Bahreýn döwleti «Bahreýn şalygy» diýlip, atlandyrylypdyr. Döwletde konstitusion monarhiýa gurluşy hereket edýär. Ýagny, Konstitusiýa laýyklykda, şalyk adatdan daşary ýagdaýda uly ogluna geçýär. Konstitusiýada «Başlangyç bilimi mugt almak», «Mugt lukmançylyk kömegi», «Tebigy betbagtçylyklarda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak», «Erkin telekeçilik», «Söz we pikir azatlygyna, ylmy-gözleg, metbugat ýygnaklaryna we kärdeşler arkalaşyklaryna gatnaşmakda raýatlaryň deňligi» ýaly hukuklary we azatlyklary beýan edilýär.
Ýurt nebitiň we gazyň hasabyna ösdi. Ilkinji nebit ýatagy 1932-nji ýylda tapylypdyr. 1976-njy ýylda Bahreýniň milli nebit kompaniýasy döredildi. Bahreýnde tebigy gazyň gorlary nebite garanda has köpräkdir. Bu günki gün Bahreýn halkara söwdasyna hem işjeň gatnaşýar. Esasy eksport önümleri – nebit we nebit önümleri, alýuminiý. Hindistan, Ýaponiýa, Saud Arabystany we BAE esasy eksport, Beýik Britaniýa, Germaniýa, ABŞ, Saud Arabystany we Ýaponiýa bilen import hyzmatdaşlyklaryny saklaýar. Dür öndürmek Bahreýniň ykdysadyýetiniň esasyny düzýär. Paýtagt Manama hem-de onuň golaýyndaky Salman we Sitre portlary sebitiň möhüm ulag-aragatnaşyk çatryklary hasaplanýar.
Bahreýn bilen Saud Arabystany patyşalygyny 1986-njy ýylda deňziň üstünden gurlan 25 kilometrlik köpri birleşdirýär. Bahreýnde ýeke-de demir ýol ýokdur.
Bahreýnde syýahatçylyk ösüp, ýylda 8 mln gowrak syýahatçy bu ýere dynç almaga gelýär.Dünýä syýahatçylaryny özüne çekmek üçin 2002–2008-nji ýyllarda «Durrat el-Bahreýn» atly 15 sany emeli adadan durýan emeli arhipelag taslamasyny amala aşyrýar. «Elýeter bahadan ajaýyp dynç alyş» – Bahreýniň öz syýahatçylaryna hödürleýän hyzmatlary şu şygarda jemlenendir.
1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açdy. Iki ýurduň hem ykdysadyýeti üçin strategik häsiýetli bolan ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda taraplaryň netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan meýillerini nazara alanyňda, beýleki pudaklarda, şol sanda maliýe, maýa goýum ulgamynda, deňiz ulaglarynda, syýahatçylykda we sportda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik bar. Şol ulgamlaryň ösdürilmegine Türkmenistanda hem-de Bahreýnde möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzy ösdürmäge, durmuş-ykdysady düzümleri doly döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary Bahreýniň işewür toparlarynyň depginli ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalaryny artdyrýar. Ynsanperwer gatnaşyklara-da möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky gatnaşyklar ruhy we medeni däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halkyň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň özboluşly köprüsidir.
Kerwen BABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.



