
5-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi hem-de bu ýerde merkeze täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi.
Hormatly Arkadagymyz IIM-niň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan häzirki zaman sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklary hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Hormatly Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylan täze sport ulagynyň tizlik aýratynlygyny we beýleki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Täze sport ulagynyň gelip gowuşmagy merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, Türkmenistanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini görkezýär.
Hormatly Arkadagymyz merkeziň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berdi we türkmen türgenlerine öňde boljak jogapkärli hem-de abraýly halkara ýaryşlarda täze üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
«TürkmenGazet».



