Siziň üçin...Slider

Ýaşyl begrese bürenen bahar

07-03-2023 / 21

Gyş gutaryp, baharyň gelmegi bilen tebigat janlanyp başlaýar, göýä durmuş gaýtadan başlanýan ýaly bolýar. Türkmen topragynda baharyň gelenini buşlaýan guşlaryň saýraşýan sesleri, ýazyň hoştap howasy, çagalaryň şat gülküleri ruhuňy göterýär, kalbyňy heýjana salýar. Daş-töwerek gül-gülzarlyga, beslenýär. Baýyrlar ýaşyl don geýnip, depe-düzlerde gyzyl güläleklerden misli haly ýazylan ýaly bolýar. Her gülüň öz ysy bolşy ýaly, her paslyň hem öz gözelligi bar. Bahar paslynyň kalbyňy heýjana salýan gözelligi başgaça bolýar. Tebigatyň al-elwan güllere bürenmegi, çeşme-çaýlaryň şildiräp akýan sesi baglarda guşlaryň saýraýan sesi bilen sazlaşyp, her bir ynsana ruhy lezzet berýär.

Ýaz paslynda oba hojalygynda gyzgalaňly döwre gadam basylýar. «Gyş gamyny ýaz iý» diýlenine eýerip, türkmen babadaýhandan pata alyp ýere tohum taşlaýar, owlak-guzular köpelýär. Bu pasylda ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda tagallalar edilýär. Bu döwürde millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, bar bolanlarynyň idegi ýetirilýär.

Ene toprak, ene ýer diýilýär. Hakykatdan-da eneler bilen topragyň arasynda nähilidir bir meňzeşlik bar. Synlap, pikir edip oturýarsyň welin, eneleriň ene ýere deňelmeginiň ýöne ýere däldigine düşünýärsiň. Eneler bagryndan çagalary kemala getirip, ýaşaýşy dowam etdirýän bolsa, toprak hem töweregi gül-gülälekler bilen bezäp, gözellik döredýär.

Tebigatyň janlanyşyna haýran galýarsyň. Baglaryň ösüşini görüp hem ýetişmeýärsiň. Baglar bu gün pyntyk ýarsa, ertesi ýapraklap oturandyr. Olar sagatsaýyn ösýär. Baglar özüniň akja gülleri bilen töweregi bezeýär. Şeýlelikde, baharyň kalbyňy heýjana salýan üýtgeşik gözelligi emele gelýär. Ýaşyl begrese bürenen baglary, daş-töweregi gül-gülzarlyga büräp açylyp oturan gülleri synlanyňda beýle gözelligi eliň bilen döredip bolmajakdygyna düşünýärsiň. Bu gözellik tebigatyň ynsana eçilýän peşgeşi ahyryn.

Bir-de ähli ýeri ýaldyradyp duran Gün çyksa, birdenem enemiň aýdyşy ýaly, garry mama sanajyny kakyp gök gümmürdedip ýagyş ýagyp başlar. Bu ajaýyp pursaty synlap durşuňa ýazyň hem güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň:

Ellerinden dür dökülýän baharyň,
Nepesi durlady çygly howasy.
Soňra syryp, gök ýüzünden buludy.
Mawy reňkde boýap çykdy asmany —

— diýen setirleri bilen birlikde:

Neneň oňat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär, türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüň ýeriň ýüzünde

— diýen goşgy setirleri biygtyýar seriňe gelýär.
Hawa, ýaz paslynyň ýene bir hezilligi ýagyş ýagandan soň kömelek gözlemekdir.

Sanjar TAGANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Ykdysadyýet we meýilnamaldyryş hünäriniň 212-nji toparynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu